https://owrenmeli.app/73635-gz-depressiasy.html#comment
enes_∞
04.10.2024 19:03
🍂Güýz depressiýasy🍂
Häzirki zaman jemgyýetiniň ösendigine, ewolýusiýanyň we tehnologiki ösüşiň ýokary belentliklere ýetendigine garamazdan, her birimiziň abadançylygymyz howa şertlerine baglydyr. Bu howa we möwsümleýin üýtgeşmelere, esasanam, geçiş döwri — güýz aýlaryna degişlidir. Bu möwsümde gündiziň gysgalmagy, temperaturanyň peselmegi, iň köp geomagnit tupan we howanyň iň ýokary ionlaşmagy bolup geçýär. Bu bolsa elektromagnit meýdanynyň üýtgemegine sebäp bolýar.
Ýadawlyk, dowamly uky, keýpiň düýpgöter üýtgemegi, gaharlanma, umytsyzlyk, güýz depressiýasy bilen häsiýetlendirilýär. Iň stresse çydamly adamlar hem gaharlanýar. Lukmanlar bu ýagdaýyň esasy çeşmesi möwsümleýin täsirli näsazlyk hakda aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, diňe tomus we gyş adamlar üçin kadaly howa hasaplanyp bilner. Güýz we ýaz paslyny bedenimiz üçin aňsat bolmadyk geçiş döwri hökmünde görkezýärler.
Güýz hemmämize täsir edýär. Sebäbi beden täzeden gurulmaga mejbur bolýar. Güýzüň başynda adamlarda «gyşlamak» fiziologiki mehanizmi işjeňleşýär. Köpleriň «uklamak» diýip häsiýetlendirýän ýagdaýy, bedeniň energiýany tygşytlamak prossesine sazlanandygyny görkezýär. Güýz depressiýasyndan ejir çekýän adamlar depressiw netijelere getirýän negatiw duýgulary sebäpli özlerini dolandyryp bilmeýärler. Şeýle ýagdaýlarda psihologlar näme maslahat berýärler? Olar syýahat etmegi, arassa howada gezmegi, ir turmagy we ir ýatmagy aýdýarlar. Başga-da möwsümleýin depressiýany ýeňmek üçin näme bolup biler?
Fiziki maşk. Bedenterbiýe elmydama ylham berýär. Sebäbi gözellik we saglyk! Meşhur psihoterapewt we ýazyjy Mihail Litwagyň pikiriçe, fiziki maşk göwnüçökgünlige garşy göreşmäge kömek edýär. Şeýle hem: «Depressiýa adama özi hakda pikirlenmek üçin berilýär» diýýär. Şonuň üçin güýzde öz keşbiňize üns beriň! Sport bilen meşgullananymyzda bedende madda çalşygy kadalaşýar we immunitet güýçlenýär.
Kadaly iýmit. Howanyň üýtgemeginiň adam bedenine ýaramaz täsiriniň bardygyny biz gowy bilýäris. Şonuň üçin witamine we minerallara baý täze gök önümleri we miweleri iýiň.
Gezelenç. Işden soň derrew öýe gitmäge howlukmaň, azyndan bir ýa-da iki duralga gezelenç ediň. Bu siziň emosional we beden taýdan sagdynlygyňyzy güýçlendirer.
Peýdaly reňkler. Meşhur şweýsariýaly psihoterapewt Maks Lusçeriň reňk testi boýunça mämişi, sary we gyzyl nerw ulgamyny sazlaýan we güýçlendirýän işjeň reňklerdir. Eşikleriňizi we otaglaryňyzy şeýle reňkler bilen baýlaşdyryň. Öýüňizi dürli güller we ösümlikler bilen bezäň! Şeýle-de gyzykly kitaplar okaň, degişme kinolaryny görüň, teatra gidiň. Kalbyňyza ýakyn ynsan bilen daşarda pyýada gezelenç ediň. Çagalykda eden garagollyklaryňyz, dostlaryňyz bilen geçiren gyzykly ýatlamalar, ýokary okuw jaýyna kabul edilen ilkinji günüňiz, boýnuňyzda «Talyp» ýazgyly lenta we başga-da täsirli pursatlar ýadyny açýar.
Hiç haçan göwnüçökgünlige ýol bermäň! Özüňizi dolandyrmagy başaryň. Şonuň üçin gadymy rim şahyry Horasyň «Hyýallaryňyza gözegçilik ediň. Sebäbi boýun egmese, buýruk berer» diýen paýhasly sözlerini ýada salmalydyrys. Her gün, hatda azajyk hem bolsa döredijiligiňizi ösdürmäge synanyşyň. Netijede, dünýägaraýşyňyzyň we onuň bilen bütin durmuşyňyzyň üýtgäp biljekdigine göz ýetirersiňiz.
🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂🍂
10
43