Daş-kagyz-gaýçy oýunyny nädip ýeňmeli ? Oýunyň taryhy2 ýa-da ondan köp oýunçynyň 3 ähtimallykdan birini (daş, kagyz ýa-da gaýçy) saýlap, ellerini ulanyp oýnaýan, bu tanymal we ýönekeý oýunyň taryhy diýseň ulydyr. Dürli kombinasýalarda oýnalýan bu oýun, ähli oýunçylar üçin ýönekeýligi sebäpli (diňe eliňi ulanmak) dünýäde giňden oýnalýar. Oýunyň kanunlary:
Kagyz daşy ýapmak arkaly utar,
Daş gaýçyny ezmek arkaly utar,
Gaýçy kagyzy kesmek arkaly utar.
Dünýäniň iň taryhy oýunlarynyň biri hasaplanylýan bu oýun, biziň eýýamymyzdan öň 200-nji ýyllarda, Hytaýda oýnanandygyny taryhçylar tarapyndan çaklanylýar. Soňra bolsa ýaponlar bu oýuny dürli görnüşlerde, daş-kagyz-gaýçy däl-de sümükli möjek-gurbaga-ýylan ýa-da awçy-arçyn-tilki ýaly görnüşlerde oýnapdyrlar. Bu oýun Ýaponiýa döwletinde giňden oýnalýandygy üçin, ýapon alymlary bu oýunda hiç utulmaýan roboty ýasadylar. Bu robot statiskalara görä däl, siziň el hereketleriňiziň sekuntda 1/1000 bölegini görüp, siziň näme ulanjagyňyzy (daş, kagyz ýa-da gaýçy) öňden bilip bilýär we oňa garşy hem şoňa görä garşylyk görkezýär.
Alymlaryň aýtmagyna görä, bu oýuny yeňmegiň bir ýoly garşyňyzdaky adamlaryň näme ulanjagyny seretmek, mimika we duýmak arkaly öňden bilmekdir. Garşyňyzdaky adamyň näme ulanjagyny bilseňiz, siz hem şoňa garşy el hereketi saýlap utup bilersiňiz.
Başga ýoly hem, hytaýly psihologlaryň aýtmagyna görä, oýunçylaryň geçen tapgyrdaky oýunyň el hereketlerinden täsirlenýändikleridir. Ýagny, umuman alanyňda oýunçylar eger-de utsalar, indiki tapgyrda ýene-de şol bir el hereketini ullanar, eger-de utulsalar indiki tapgyrda el hereketini üýtgeder.
Siz öz döredijiligiňiz bilen daş-kagyz-gaýçy däl-de başga ulanyjylary girizip bilersiňiz!