MAÝYP1-nji BOLUMİOl doguldy we ulaldy. Dogulmak bilen ulalmagyň arasyndaky çagalyk wagtlary hakda onuň ýatlasam gelenokdy. Ýatlasa diňe kakasy göz öňüne gelýärdi. Ýogsa-da onuň bu gün kakasy aýryldy. Mähelle üýşdi öýüne. Perzent hökmünde kakasynyň baş ujuna geçip aglamalydy welin ol jaýyň bir burçuna geçip otyrdy. Şol jaýyň şol burçy, hemişeki gizlenilýän burç. Göýa ol burç ony ähli howp-hatardan goraýan ýalydy. Näçe daňlar agarypdy ol burçda. Kakasynyň aýlyganç sesinden gorkup, ejesiniň yzyny üzmän, gygryp aglaýyşlaryndan gaçyp sygynylýan ýerdi ol ýer. Bu gün kakasy şol jaýda, şol ýatýan ýerinde ýene ýatyr. Onda bolsa şol çagalykdan galan gorky bar. Kakasynyň ýanyna barsa ýene ony elinden tutup süýräp zyňaýjak ýalydy.
Tabydy galdyrmalydy. Ýöne hiç kim el urasy gelenok. Ol pikirlerinden daşlaşyp töweregine göz aýlady. Biri kellesi bilen ümlese, beýlekisi göz-gaşy
bilen ümleýär. Biri-birine salyşyp durlar. Şol wagt ejesi:
---Ölýänçä-hä süýrediňiz, indi tabyt götermäge gezek gelende bir-biriňize salýaňyzmy?
---Bagyşlaň ýeňňe – diýip gapdalda duranlaryň biri tabyda tarap ýöredi. Ondan soň ýene ik-üç sany adamlaryň hersi bir tarapyndan tutup tabydy galdyrdylar.
Tabyt galdy, ol bolsa tabydy galdyran adamlara seredip ýene oýlandy.. Hawa, bular şol adamlar. Kakasy lul-gammar serhoş bolan wagty şol
adamlar getirýädi öýüne. Bu gün ýene şolar iň soňky ýola alyp barýar. Täsin dünýe...
Ses etdiler...
---Waý, doganjygym gitd-ä-ä-ä...
---Waý, arkamyň dagy gitd-ä-ä-ä...
---Waý, oglum, söýenjim, daýanjym gitd-ä-ä-ä...
Tabyt salynan ulag ýuwaşyk bilen gözden ýitdi. Sesler bolsa heniz ýatanok. Garry enesi henizem: “Wah, oglum gitd-ä-ä-ä, söýenjimdi, daýanjymdy” diýip ses edip aglaýady. “Özüni söýäp bilmeýän adam seni nädip söýesin ene?! Özün dälmi: “Ölmedem, dynmadymam” diýip ýören?!” diýesi geldi. Ýöne dymdy. Şol wagt:
---A, gyz ataň öldi, ataň. Nä ýedi ýadyň aýadyna geldiňmi? Ýalandan bolsa-da aglan bolarlar. Eý heleý, gyza nähili terbiýe berdiň sen? – diýip kakasynyň
aýal dogany gygyrmaga durdy. Ol sesini çykarmady, özüne diýilmeýän ýaly äwmezçilik etdi.
---Gyz meňki, nähili terbiýelejegimi senden soramaryn. Çagada ýürek goýduňyzmy gyýylyp aglar ýaly. Çagalykdan görýäni uruş, taýak, sögünç. Mähir görüpdirmi çagam. Ne il hatary okuw okady, ne il hatary garny doýdy çagamyň. Ne il hatary geýim geýdi. Atasy tapanyny serhoşlardan geçirdi. Iller bir manat tapsa öýüne elter. Ol tapanyny köça taşlady. Humar oýnady. Kim gürlese-de sen gürleme – diýip ejesi içigip-içigip aglady.