enes_∞
14.09.2024 00:01

Ilkinji tikin maşyny haçan döredildi?
Ilkinji tikin maşynlarynyň XIV asyrda Gollandiýada peýda bolandygy aýdylýar. Bular galyň matalary tikmek zerur bolanda, ýelken tikmekde ulanylýan gaty täsirli ölçegli tigirli mehanizm bolupdyr.

Bu tikin maşyny ne oýlap tapanyň ady, ne-de bu mehanizmleriň şekili saklanylmandyr. Orta asyr ussahanalary önümçilik syrlaryny gabanjaňlyk bilen saklaýardylar. Soň Leonardo da Winçi şuňa meňzeş bir mehanizm döretmäge çalyşypdy, ýöne bular diňe görkezme görnüşinde bolup galypdy.

13-nji iýunda tikin maşynlary güni resmi däl baýramçylyk hünärmenler tarapyndan bellenilip geçilýär. Bu senagat rewoýusiýasynyň bir bölegine öwrülen we diňe bir ýeňil senagatda öwrülişik döretmäge mümkinçilik berýän bu oýlap tapyşyň ýüze çykmagy bilen baglanyşyklydyr.

Tikin maşynlarynyň taryhynyň ösüşi XVIII asyrada has köpçülikleýin önümçilik döwri Ýewropada başlan wagtyna degişlidir. 1755-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Karl Wizental el tikinini köpeldýän tikin maşynyny halka hödürledi, esasy elementi bolup ortarasynda gözli iňňesi bolup durýar. 1791-nji ýylda iňlis oýlap tapyjysy Tomas Sankt tikin maşynyny döredipdi. Ýöne onuň tikin maşynynyň tikişiniň hiliniň pesligi we işleýşindäki oňaýsyzlygy sebäpli giňden ulanylmady.

Hakyky tikin maşyny hasaplanyp bilinjek ilkinji tikin maşyny, fransiýaly Bartelemi Timonieriň oýlap tapyşy boldy. 1831-nji ýylda Bertelemi Timonier zawod açdy. Ýöne onuň işleri şowsuz gutardy. Mundan başga-da, şu güne çenli birnäçe tikin maşynlaryň häzirki zaman görnüşleri oýlap tapyldy we durmuşa ornaşdyryldy.

Turkmengazet
13
51
enes_∞
13.09.2024 23:57

Häzirki bilim ulgamy Wizantiýada döräpdir
Bar bolan maglumatlara görä, ilkinji mekdepler gadymy Müsür döwletleriniň döräp başlan ýyllarynda ýüze çykyp ugrapdyr. Ol mekdeplerde döwlete hyzmat etmeli kätipler we hasapçylar taýýarlanylypdyr.

Häzirki döwürde hereket edýän ählumumy bilim ulgamy ilkinji gezek Wizantiýa döwletinde, takmynan, 425-nji ýylda ýola goýlupdyr. Bu ulgam harby maksatlar üçin ulanylypdyr. Irki döwürlerde mekdeplerde bar bolan synplar dürli ýaşdaky okuwçylardan düzülipdir. Bir dersiň dowamynda ululy-kiçili çagalar dürli dersleri özleşdiripdirler. Käbirleri şol bir dersiň dowamynda matematikanyň inçe syrlaryny öwrense, beýlekileri himiýany ýa-a edebiýaty özleşdiripdirler.

Çeh pedagogy Ýan Amos Komenskiy (1592-1670 ý.) ilkinji bolup täze synp-sagat ulgamyny ýola goýupdyr. Ol ulgama görä, birmeňzeş ýaşly okuwçylar üçin ýörite topar düzülipdir, ýagny bir synpda birmeňzeş ýaşly okuwçylar okapdyr. Olarda bir dersiň dowamlylygy 45 minutdan ybarat bolup, dersler umumy meýilnama esasynda alnyp barylypdyr. Okuwçylar 45 minudyň dowamynda öňki ýaly dürli dersleri däl-de, bir dersi özleşdirmäge başlapdyrlar. Ulgamyň bu görnüşi özüniň gowy netijelerini bermegi, onuň biziň günlerimize çenli dowam etmegine getiripdir. Komenskiniñ pikirine görä, bilim ulgamynyň esasy wezipesi okuwçylaryñ özbaşdak pikirlenmek ukybyny ösdürmekden ybaratdyr.

Turkmengazet
13
44
enes_∞
13.09.2024 16:43

Geliň biraz gülüşeliň
Dişiňizi sagdyn saklamak üçin 3 kanuny berk belläp goýuň:

1. Günde iki gezek dişiňizi ýuwmaly.

2. Ýylda iki gezek stamatologiýa gitmeli.

3. Ýene-de belläp geçmeli zat, başgalaryň işine burnuňyzy sokmaly däl.

***

Gorkýan zadyňyz başyňyza geler diýýärler. Men Çehow köçedäki elitka jaýdan, Mercedesden we iň soňky çykan “Iphone” telefondan gorkýan.

***

Egerde bir adam size ýamanlyk etse, giň boluň, oňa süýji beriň. Ýene ýamanlyk etse, ýene süýji, şekolat beriň. Ýene ýamanlyk etse, ýene-de süýji beriň. Goý süýji (сахар) kesel tutup ölsün.

***

Köpüsi ýazýar: “men ejemjanyň guwanjy”, “men kakamyň buýsanjy”. Men bolsa çynym bilen aýdýan, men olar üçin “kelle agyry”

***

Eger-de öýüňiz ýanyp, požar bolaýsa, aljyramaň. Ilki bilen diwanyňyzy daşaryk çykaryň. Men bilen razylaşyberiň, ýangyn söndürüjilere diwanda oturyp garaşmak has oňaýlydyr.

Biri güjügüni satýar. Alyjy soraýar:

– Sagdyn güjükmi?

– Sagdyn.

– Akyllymy?

– Akylly.

– Eýesine wepalymy?

– Öte wepaly, men muny bäşinji gezek satýan.

***

– Kaka, oglanlaryň hemmesi maňa çmo diýýär.

– Oglum, nädip senden çmo bolsun. Ine, seret, kastýumyňy jalbaryňa dykypsyň, jalbaryňy jorabyňa dykypsyň. Jorap bilenem sandali geýipsiň. Owadanlaý sen….

***

Är-aýal maşynda sögüşüp barýalar. Köçäniň gyrasyna doňuzlary gören adamsy:

– Seret, seniň garyndaşlaryň.

Aýaly:-Howa, dogry aýdýaň bular meniň gaýynlarym.

***

Bir maşgalada ertirlik edinýärler: Ogly:

– Eje, hany bil, aýal maşgalanyň iň kän edýän zady? Özem bäş harpdan ybarat?

Ejesi bu soraga gahary gelip oglunyň ýeňsesine urup göýberýär. Oglam aglamjyrap:

– Bu zat “GYBAT”-diýýär.

İnternet sahypalaryndan toplaplanan🎭
16
211
enes_∞
13.09.2024 11:54

Ördek şekilli güller
Täsin, ýürege ýakymly owadanlygy dörediji, oýlap tapyjy bu tebigatdyr. Bu owadan ördek şekilli kalaniýanyň kiçijek gülleri hakyky ussadyň döreden heýkeliniň nusgasyna meňzeş. Ajaýyp ganatlary, owadan kelleleri, kütek egrelen çüňkleri edil janly ýaly.

Orhideýa kalaniýa ösümliginiň boýy 50 sm-e ýetýär, ýapraklary insiz tekiz, gülüniň uzynlygy 18 sm. Güli ýapyk gyzyl reňkde. Daşky gurluşy täsin bolup, ördek burun guşlara meňzeş. Olaryň belli bir görnuşi “uçýan ördek” diýlip atlandyrylýar. Bu güller ýanwar-fewral aýlarynda gülleýar. Ördege meňzeş gülüň kalaniýa orhideýa diýlip atlandyrylmagy ömrüniň köp bölegini ösümlikçilikde geçiren Jorj Kalaniniň ady bilen baglanyşyklydyr.


Ördek şekilli güller geçen asyryň başlarynda Bennelong Poýnt adasyndan tapyldy. Häzirki wagtda bu ýerde Awstraliýanyň paýtagtynyň nyşany hökmünde teatr guruldy. Endemiklere degişli bolan bu ösumlik Tasmaniýo adasynda, Awstraliýanyň belli bir çäklerinde, ewkalipt tokaýlarynda, batgalyklarda, şonuň ýaly hem şäherleşen etraplarda seýrek duş gelýar. Gowy tarapy ekerançylyk ýerlerinde ösdürilen ýagdaýynda mör-möjekleri ürküziji hasaplanýar we ýokary hasyl almakda oňyn täsirini ýetirýär. Ýöne howa şertlerine baglylykda, bu ösümlik uzagy bilen iki ýyl ýaşaýar.

Turkmengazet
18
39
enes_∞
12.09.2024 23:44

Ak zat alnyña ýagşy
Ak zat – türkmen milli edebi diliniň çeper sözleýiş tärinde diňe oňatlygyň, gowulygyň yşaratyny alamatlandyrýar. Muňa türkmen halkynyň ruhy dünýäsine – mili yrym-ynançlarymyza, atalar sözi bolan nakyllarymyza ser salanymyzda-da anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Mysal üçin, ýaşulularymyzyň ýaş ýigitlerimize iň ýagşy arzuwy bolan “Ak gyz ýoldaşyň bolsun“ – diýen atalar sözüni alyp göreli. Şu atalar sözünde “Ak reňkdäki gyz gelinligiň bolsun”diýildigi däldir. Ol – türkmen gyzyna mahsus bolan agraslylyk, salyhatlylyk, mylakatlylyk, asyllylyk, çekinjeňlik, utanjaňlyk ýygralylyk ýaly şeýle ajaýyp gylyk-häsiýetlere eýe bolan, şeýle gowy gyz gelinligiň bolsun” diýildigidir. Ýa-da bolmasa, biziň türkmen halkymyzda haýsyda bir haýyrly iş sebäpli, ýolagçy bolup, öýden çykan adama „Ýoluň ak bolsun“ diýilýär. Bu söz bolsa „Ugran ugruň ugur alsyn“ diýen manyny aňladýar. Belli alym Gurbanjemal Ylýasowanyň „Türkmen yrym-ynançlary“ atly kitabynda ýerleşdirilen milli yrym-ynançlarymyzyň 26 sanysynyň „aklyk“ bilen baglanyşykly bolmagynyň özi hem, geçmişde ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň çeper pikirlenmesinde ak zada oňatlygyň, gowulygyň yşaraty hökmünde garalandygyny aýan edýär. Türkmen halky öz maşgala durmuşynda ak zat bilen baglanyşykly aýtgylara aýratyn orun berip, perzentleriniň adyny hem “geljekde ak ogul, ýa-da ak gyz bolsun, ýagny ýüregi, ruhy, aňy, ykbaly ak, bagtly ogul-gyzlar bolsun” –diýen ýagşy niýet bilen ak zada utgaşdyryp dakypdyr. Ak sözüniň özüniň hem erkek adamynyň adyny aňladýandygyny filologiýa ylymlarynyň doktory T.Täçmyradowyň 1989-njy ýylda çykan “Türkmen adam atlary” atly kitabynda duş gelmeklik bolýar. Bu kitapda türkmen halkynyň öz ogul-gyzlaryna ak ykbaly arzuwlap dakan Ak, Akat, Akbaý, Akberdi, Akbota, Akweli, Akgeldi, Akguzy, Akgenje, Akgurban, Akguş, Akguzy, Akgylyç, Akdöwlet, Akdurdy, Akhan, Akjabaý, Akjagurban, Akjigit, Akjuma, Akköşek, Akly, Akman, Akmeret, Akmet, Akmolla, Akmuhammet, Akmyrat, Akmämmet, Akmät, Aknazar, Aknepes, Akram, Aksakal, Aktelpek, Aktuwak, Akhümmet, Akja, Akbibi, Akbike, Akbäbek, Akgül, Akgyz, Akgözel, Akjemal, Akjahan, Akmaral, Akmeňli, Aknabat, Aknur, Akpamyk ýaly bar. Ine şu nukdaýnazaryň özi hem, türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde – atalar sözi bolan nakyllarymyzda, milli yrym-ynançlarymyzda ak zadyň „Rysgal-bereketlilik“, „Döwletlilik“, „Şowlulyk“, „Bolçulyk“, „Bagtlylyk“, ýaly leksik manylary aňladýandygyny örän aýdyň aýan edýär. Ýeri gelende aýtsak, “aklygyň” many öwüşgini taýyndan şular ýaly köpdürli simwoliki mana eýedigine, onuň elli bäşden gowrak ylmy-pelsepewi leksiki many ýordumynyň bardygyna ylmy çeşmeleriň gözleginde bolup, türkmen we dünýä halklarynyň edebi mirasyna, däp-dessurlaryna ser salan mahalymyz gabat geldik. Şeýlelikde aklyk – arassaçylygyň, nurlulygyň, päkligiň, halallygyň, sagdynlygyň, sahylygyň, salyhatlylygyň, mylakatlylygyň, ýakymlylygyň, sadalygyň, kiçigöwünliligiň, agraslylygyň, mähribanlylygyň, dostlugyň, beýik ynsanperwerliligiň, hoşniýetliligiň, çendenaşa beýikligiň, deňsiz-taýsyz gahrymançylygyň, danalygyň, weliligiň, akyl-paýhaslylyň, akyldarlylygyň, aňrybaş kämilligiň, täsin öňdengörüjilikli dünýägaraýşyň, özboluşly bir üýteşik ukyp-başarnygyň, ugurtapyjylygyň, ylymly-bilimliligiň, bakylygyň, şähdaçyklylygyň, şadyýanlylygyň, owadan ýaşaýşyň, bagtly ykbalylygyň, ajaýyp durmuşyň, gözel kysmatlylygyň, altyn geljegiň, ýagtylygyň, köpelmekligiň, bolçulygyň, eşretiň, rysgal-berekediň, durnukly ösüşiň, batly gadamlaryň, milli galkynyşyň, milli döwletliligiň, milli özygtyýarlylygň, milli garaşsyzlylygyň, milli bitaraplylygyň, kuwwatlylygyň, güýçlüligiň, şowlulylygyň, aýdyňlygyň, sabyrlylygyň, kanagatlylygyň, sowukganlylygyň, gülalagülligiň, uzyn ömürliligiň, bir söz bilen aýdylanda hakyky adam bolup ýaşamaklygyň yşaratyny alamatlandyrýar.

Atawatan Turkmenistan
12
109
enes_∞
12.09.2024 16:23

Sözden peýda ýok
Bilinmese çyn yhlasyň gadyry

Ýaňrap oturmaga sözden peýda ýok

Datsyz bolsa wah nygmatyň hödüri

Iýdigiň nahardan duzdan peýda ýok



Köpe ymtyl hiç babatda azalma

Mertlik eýle mekirlikde agzalma

Buýup başarmasaň gyşyň aňzagna

Ýagyşdan ýagmyrdan ýazdan peýda ýok



Göz ýaş dertdir ýersiz ýere aglasaň

Ýene ýagşy herne bir zat aňlasaň

Goşa taryň keremini aňmasaň

Ählisi meňzeşdir sazdan peýda ýok



Adalata gönükdirgin yhlasyň

Gursagyňdan aýrylmasyn ygraryň

Dogry dosta sataşmasa ykbalyň

Tanyşlykda ondan, ýüzden peýda ýok



Hasyla azap çek tohumyň sünçde

Açyş ýatsyn her edilen ökünçde

Ýesir olsaň ýersiz galyp bir künçde

Daglardan, deňizden, düzden peýda ýok



Şahyr aýdar gulak goýgun bu emre

Duýsaňu-duýmasaň bolmawer ýaňra

Hakykaty görüp bilmäňden soňra

Akyldan, ýürekden, gözden peýda ýok.



Awtory:Abdyrahman Orazmämmedow☘️
12
120
enes_∞
12.09.2024 14:37

Mamontlar ýene ýaşap bilermi?!
Mamontlar (Mammuthus subplaniforns) mundan 10-12 müň ýyl öň, Piliosen döwründe ýaşap geçen, piller maşgalasyna degişli bolan gadymy görnüş hasaplanýar.

Mamontlar örän uly jandar bolup, olaryň beýikligi 5,5 metr, agramy 14 -15 tonna ýetipdir. Olar Ýer ýüzündäki iň uly süýdemdirijiler hasaplanýar. Mamontlaryň esasy ýaşaýyş mesgeni Sibir, Wrangel arhipelagy bolupdyr. Ylmy çeşmelere görä, klimatyň üýtgemegi bilen, olaryň iýmit meýdany azalyp, ýaşaýyş mesgeniniň dargamagy zerarly 12 müň ýyl mundan ozal ýok bolup gidipdirler diýen ýazgylar bar.

Genetiki gözlegleriň netijesinde, planetadaky iň soňky mamontlaryň, ýagny tüýlek mamontlaryň Wrangel arhipelagynda ýaşanlygy we olaryň ýaşamagyna we köpelmegine daşky şertler bilen bir wagtda genetiki üýtgemeleriň hem täsir edenligini açyp görkezdi. Wrangel arhipelagynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, alymlar alty sany mamont jesedini tapmagy başardylar, şol bir wagtyň özünde genetiki materialdan arassalanan mamont DNK-syny pil öýjüklerine geçirmek boýunça synaglary geçirmegi göz öňünde tutdular.

Hazirki wagtda hem bu mesele öz güýjüni ýitirmedi we genetikleriň öňünde uly meselä öwrüldi. Ýakut biologlarynyň we genetikleriniň 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiren ekspedisiýasy netijesinde, Ýana derýasynyň aşak akymynda mamontlaryň deri böleklerini we süňk galyndylaryny tapdylar we olar öz tapyan galyndylaryny “Mamont bilen Pil” gibridini döretmekde esasy material hökmünde peýdalanmagy göz öňünde tutdular. Häzirki wagtda Colossal kompaniýasynyň öňünde goýan meselesi tüýlek mamontlaryň neslini täzeden dikletmek we olary ýaşatmak bolup durýar. Bu kompaniýa başlangyç material hökmünde mundan 12 müň ýyl öň ýok bolup giden mamontlaryň deri galyndylary peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda Colossal kompaniýasy 15 mln dollar puly hemaýatkär hökmünde orta atyp, mamont bilen Aziýa pilinden alynjak gibrid nesli esasynda täze mamont görnüşini döretmegi göz öňünde tutýar.

Turkmengazet
11
83
enes_∞
12.09.2024 10:19

Dünýäniň dürli döwletlerindäki örän geň yrym-ynançlar we kadalar
- Italiýada iýýän tabagyňyzyň düýbüni hökman görmeli. Ýagny nahary gutaryp goýmaly;


- Salamlaşylanda kelle çakyşdyrmak buddizmde nädogry hasap edilýär;


- Fransiýada gaty ses bilen gürlemek gödek hasaplanýar;


- Wengriýada bulgur çakyşdyrmak gowulygy aňlatmaýar;


- Meksikada seniň bilen degişenlerinde, seni kabul edýändiklerini aňladýar;


- Ýakyn Gündogar ýurtlarynda kofe içip bolanyňdan soň käsäni tersine goýmaly;


- Çilide naharlanylanda hökmany çöpjagazlardan peýdalanylmaly;


- Wengriýada kelem öwgini aňladýar. Eger biri size kelem diýse ol sizi öwdügidir;


- Koreýada saçak başyna geçilende hökmany ýagdaýda öýdäki iň garry adamyň ilki iýip bolmagyna garaşmaly;


- Taýlandda biriniň kellesine el degirmek kanuny ýagdaýda gadagan;


- Hytaýlylar özleriniň kiçigöwünlidigini görkezmek üçin berlen sowgady 3 gezek ret edýärler;


- Günbatar Ýewropada daşary ýurtlular bilen gürleşmek gadagan bolup durýar;


- Hindistandaky restoranlarda sygyr etinden bişirilen islendik zady sargyt etmek gadagan;


- Braziliýada nahary hökmany el bilen däl-de çemçe we çarşak bilen iýmeli;

🔺🔻İNFO🔻🔺
14
246
enes_∞
12.09.2024 09:06
Saglyk barada aýdylanlardan
Şikaýat ediň! Meseleleri öz içinde saklaýan adamlar köplenç depresiýa düşýärler, stress we aladalara sezewar bolýarlar.





Tiz-Tizden duş alyň! Ýüregiňizde kynçylyk ýok bolsa, hammama tiz- tizden düşmek ol kynçylyklaryň döremeginiň öňüni alýar. Suwa düşmek köp ýürek keselleriniň öňüni alýar.





Arassa suw içiň! Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy dünýädäki hassahanada ýatan hassalaryň ýarysyndan köprägi hapa suw içmek arkaly hassahana düşendigini belleýär.Ýatta saklaň! Ähli keselleriň başy hem hapalykdan başlanyp, soňky derejesine ýetýär.





Hereketjeň boluň! Hepde-de 2-3 sagat fiziki işjeňlik immun ulgamyny güýçlendirýär, işdäňi açýar.





Garaňkyda ýatyň! Hat-da kiçijik gijeki yşk ýa-da aý şöhlesi hem melotoniniň önümçiligini ep-esli azaldýar. Melotonin – bu hile jogap berýän garmondyr. Ol adamda gijesine bölünop çykýar. Ýatmazdan ozal kompýuterler görmek, telefon oýnamak ýa-da elektron kitaplary okamak hem edil ýaňky täsirleri ýüze çykaryp bilýär.





Öwreniň! Gözlegleriň netijelerine görä intellektual işjeňlik näçe ýokary bolsa beýni keselleriniň döremek howpy şonça hem pesdir.Akylyň ömrüň dowamynda ösýändigi subut edildi.





Işli boluň! Hromosomalaryň ujunda garramagy işjeňleşdirýän gurluşlar bar.Olaryň gysgalmagy stres we hiç zat etmezlik sebäpli ýüze çykýar.


Saglyk❤️
7
43
enes_∞
12.09.2024 00:25

GÖRIPLIK ETMÄŇ!
Göriplik süňküňi dyngysyz gemirýän gurçuk ýalydyr. Göriplik süňňüňi berbat edýän ötüşen kesel mysalydyr. «Göribe rahatlyk ýokdur» diýilmeýärmi näme?! Ol guzy baganasyna çümen gurtdyr. Dostluk donuna bürenen duşmandyr. Görip özüni gemrip başlaýar-da, ilki bilenem özüni heläk edýär.

Beýlekilere nebsimiz agyrmazdan öň, özümize haýpymyz gelsin: göriplik etmäliň! Sebäbi biz olara göriplik etmek bilen, öz etimizi alada-ünji bilen iýmitlendirýäris, ganymyzy gam bilen gandyrýarys, gözlerimiziň, gabaklarymyzyň uçan ukusyny bolsa beýlekilere mugtuna paýlaýarys.

Görip gaty gyzgyn alawly peji ýakýan we soňra özi şoňa köýýän adam ýalydyr. Zäherlemek, hasrata batmak, sowulmaýan ünjülere berilmek göribiň öz rahatlygyny, owadan we ajaýyp durmuşynyň soňuna çykmak üçin özünden döredýän keselleridir.

Islendik adam bilen ylalaşyp, ýaraşyp bolar, emma görip bilen dil tapyşmak hyllalladyr. Ýogsa-da, özüňe berlen nygmatlardan ýüz öwürseň, ukyp-zehiniňi peýdalanyp bilmeseň, ýagşy häsiýetleriň soňuna çyksaň, mertebäňden taýyp düşseň, abraýdan aýrylsaň... Göribiň azda-kände ynjalmagy mümkin. Görip adam ini zäherli ullakan ýylan ýalydyr, bigünä birine neşterini sokmasa, ynjalýan däldir.

Hergiz göriplik etme, rysgyňy, ömrüňi köýdürersiň! Göribiň hereketleri üçin hem birjikde dowla düşme, ol müň çyrpynany bilen ýazgydyňy üýtgedip bilmez.

👁️‍🗨️
13
117