Ördek şekilli güllerTäsin, ýürege ýakymly owadanlygy dörediji, oýlap tapyjy bu tebigatdyr. Bu owadan ördek şekilli kalaniýanyň kiçijek gülleri hakyky ussadyň döreden heýkeliniň nusgasyna meňzeş. Ajaýyp ganatlary, owadan kelleleri, kütek egrelen çüňkleri edil janly ýaly.
Orhideýa kalaniýa ösümliginiň boýy 50 sm-e ýetýär, ýapraklary insiz tekiz, gülüniň uzynlygy 18 sm. Güli ýapyk gyzyl reňkde. Daşky gurluşy täsin bolup, ördek burun guşlara meňzeş. Olaryň belli bir görnuşi “uçýan ördek” diýlip atlandyrylýar. Bu güller ýanwar-fewral aýlarynda gülleýar. Ördege meňzeş gülüň kalaniýa orhideýa diýlip atlandyrylmagy ömrüniň köp bölegini ösümlikçilikde geçiren Jorj Kalaniniň ady bilen baglanyşyklydyr.
Ördek şekilli güller geçen asyryň başlarynda Bennelong Poýnt adasyndan tapyldy. Häzirki wagtda bu ýerde Awstraliýanyň paýtagtynyň nyşany hökmünde teatr guruldy. Endemiklere degişli bolan bu ösumlik Tasmaniýo adasynda, Awstraliýanyň belli bir çäklerinde, ewkalipt tokaýlarynda, batgalyklarda, şonuň ýaly hem şäherleşen etraplarda seýrek duş gelýar. Gowy tarapy ekerançylyk ýerlerinde ösdürilen ýagdaýynda mör-möjekleri ürküziji hasaplanýar we ýokary hasyl almakda oňyn täsirini ýetirýär. Ýöne howa şertlerine baglylykda, bu ösümlik uzagy bilen iki ýyl ýaşaýar.
Turkmengazet