Saglyk barada aýdylanlardanŞikaýat ediň! Meseleleri öz içinde saklaýan adamlar köplenç depresiýa düşýärler, stress we aladalara sezewar bolýarlar.
Tiz-Tizden duş alyň! Ýüregiňizde kynçylyk ýok bolsa, hammama tiz- tizden düşmek ol kynçylyklaryň döremeginiň öňüni alýar. Suwa düşmek köp ýürek keselleriniň öňüni alýar.
Arassa suw içiň! Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy dünýädäki hassahanada ýatan hassalaryň ýarysyndan köprägi hapa suw içmek arkaly hassahana düşendigini belleýär.Ýatta saklaň! Ähli keselleriň başy hem hapalykdan başlanyp, soňky derejesine ýetýär.
Hereketjeň boluň! Hepde-de 2-3 sagat fiziki işjeňlik immun ulgamyny güýçlendirýär, işdäňi açýar.
Garaňkyda ýatyň! Hat-da kiçijik gijeki yşk ýa-da aý şöhlesi hem melotoniniň önümçiligini ep-esli azaldýar. Melotonin – bu hile jogap berýän garmondyr. Ol adamda gijesine bölünop çykýar. Ýatmazdan ozal kompýuterler görmek, telefon oýnamak ýa-da elektron kitaplary okamak hem edil ýaňky täsirleri ýüze çykaryp bilýär.
Öwreniň! Gözlegleriň netijelerine görä intellektual işjeňlik näçe ýokary bolsa beýni keselleriniň döremek howpy şonça hem pesdir.Akylyň ömrüň dowamynda ösýändigi subut edildi.
Işli boluň! Hromosomalaryň ujunda garramagy işjeňleşdirýän gurluşlar bar.Olaryň gysgalmagy stres we hiç zat etmezlik sebäpli ýüze çykýar.
Saglyk❤️