Mamontlar ýene ýaşap bilermi?!
Mamontlar (Mammuthus subplaniforns) mundan 10-12 müň ýyl öň, Piliosen döwründe ýaşap geçen, piller maşgalasyna degişli bolan gadymy görnüş hasaplanýar.
Mamontlar örän uly jandar bolup, olaryň beýikligi 5,5 metr, agramy 14 -15 tonna ýetipdir. Olar Ýer ýüzündäki iň uly süýdemdirijiler hasaplanýar. Mamontlaryň esasy ýaşaýyş mesgeni Sibir, Wrangel arhipelagy bolupdyr. Ylmy çeşmelere görä, klimatyň üýtgemegi bilen, olaryň iýmit meýdany azalyp, ýaşaýyş mesgeniniň dargamagy zerarly 12 müň ýyl mundan ozal ýok bolup gidipdirler diýen ýazgylar bar.
Genetiki gözlegleriň netijesinde, planetadaky iň soňky mamontlaryň, ýagny tüýlek mamontlaryň Wrangel arhipelagynda ýaşanlygy we olaryň ýaşamagyna we köpelmegine daşky şertler bilen bir wagtda genetiki üýtgemeleriň hem täsir edenligini açyp görkezdi. Wrangel arhipelagynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, alymlar alty sany mamont jesedini tapmagy başardylar, şol bir wagtyň özünde genetiki materialdan arassalanan mamont DNK-syny pil öýjüklerine geçirmek boýunça synaglary geçirmegi göz öňünde tutdular.
Hazirki wagtda hem bu mesele öz güýjüni ýitirmedi we genetikleriň öňünde uly meselä öwrüldi. Ýakut biologlarynyň we genetikleriniň 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiren ekspedisiýasy netijesinde, Ýana derýasynyň aşak akymynda mamontlaryň deri böleklerini we süňk galyndylaryny tapdylar we olar öz tapyan galyndylaryny “Mamont bilen Pil” gibridini döretmekde esasy material hökmünde peýdalanmagy göz öňünde tutdular. Häzirki wagtda Colossal kompaniýasynyň öňünde goýan meselesi tüýlek mamontlaryň neslini täzeden dikletmek we olary ýaşatmak bolup durýar. Bu kompaniýa başlangyç material hökmünde mundan 12 müň ýyl öň ýok bolup giden mamontlaryň deri galyndylary peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda Colossal kompaniýasy 15 mln dollar puly hemaýatkär hökmünde orta atyp, mamont bilen Aziýa pilinden alynjak gibrid nesli esasynda täze mamont görnüşini döretmegi göz öňünde tutýar.
Turkmengazet