enes_∞
12.09.2024 16:23

Sözden peýda ýok
Bilinmese çyn yhlasyň gadyry

Ýaňrap oturmaga sözden peýda ýok

Datsyz bolsa wah nygmatyň hödüri

Iýdigiň nahardan duzdan peýda ýok



Köpe ymtyl hiç babatda azalma

Mertlik eýle mekirlikde agzalma

Buýup başarmasaň gyşyň aňzagna

Ýagyşdan ýagmyrdan ýazdan peýda ýok



Göz ýaş dertdir ýersiz ýere aglasaň

Ýene ýagşy herne bir zat aňlasaň

Goşa taryň keremini aňmasaň

Ählisi meňzeşdir sazdan peýda ýok



Adalata gönükdirgin yhlasyň

Gursagyňdan aýrylmasyn ygraryň

Dogry dosta sataşmasa ykbalyň

Tanyşlykda ondan, ýüzden peýda ýok



Hasyla azap çek tohumyň sünçde

Açyş ýatsyn her edilen ökünçde

Ýesir olsaň ýersiz galyp bir künçde

Daglardan, deňizden, düzden peýda ýok



Şahyr aýdar gulak goýgun bu emre

Duýsaňu-duýmasaň bolmawer ýaňra

Hakykaty görüp bilmäňden soňra

Akyldan, ýürekden, gözden peýda ýok.



Awtory:Abdyrahman Orazmämmedow☘️
12
120
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.