elya
24.10.2023 19:19
Dyrnak ýaly umyt berseň, ýeterlik,
Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men.
Şaýat boldum, hol ullakan bagyňam,
Gögerenne bir kiçijik şänikden.

Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyňa deň bolýandyr miwesem.
Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,
Ýok, ýok “birden aýrylaýsak” diýme sen.

Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,
Hemmämizem aglap doglan bäbejik.
Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak,
Bize berlen ömür özi nämejik.

Meni ýatla, gam basanda göwnüňi,
Uran paltaň degeninde daşa ýa.
Unutmagyn bu dünýäde seň üçin,
Senden başga ýene biri ýaşaýa.

Mätgurban MÄTGURBANOW
56
57
elya
24.10.2023 00:36
Seni ýatlap, ser salamda yzyma,
Nurly gözleriňi göresim gelýär.
Sen gideliň ýer tapamok özüme,
Käbäm enem, seni göresim gelýär.

Diwardaky asylgy-la suratyň,
Törümize nurun saçýar syratyň,
Ýaşlygymdan büdredi-le gyr atym,
Mähribanym, seni göresim gelýär.

Ýaşlyk edip seni ynjydan bolsam,
Nähak ýüregiňi sanjydan bolsam,
Bagyşla, ejejan, biynjalyk bolsaň,
Neýläýin, men seni göresim gelýär.

Birje pursat didaryňy görmäge,
Razydyryn dünýe malyn bermäge,
Älemi aýlanyp, tenha gezmäge,
Neýläýin-le, seni göresim gelýär.

Behişdiň içinden gözläp tapsadym,
Bagryma basyplar, birje öpsedim,
Älemiň bar güllerin saňa bersedim,
Nurly gözleriňi göresim gelýär.

Güljemal Garaýewa.
56
27
elya
23.10.2023 22:06
“PAMYK DEÝ TÄMIZDI KAKAMYŇ GÖWNI...”

Ot basmaga gitsek kakamjan bilen,
Bar zat öz-özünden bolar barardy.
Mesaýy oturan ýalydyr welin,
Atyz-atyz oty bogar barardy.

Kakam her bir işe juda ezberdi,
Döwlen ulaglaram ýörederdi ol.
Arly gyşam gydyrdanyp ýörşüne,
Tomsuň güni ýaly gara-derdi ol.

Päli pes, göwni giň adamdy kakam,
Başlan her bir işin aýaklardy ol.
Ýöne ejiz gelse, bar işin taşlap,
Döwülen göwnüni seýiklärdi ol.

Pamyk deý tämizdi kakamyň göwni,
Ýüzünden görnerdi ýüregindäkem.
Gitmeli bolandyr, ýogsam-a bizi
Hiç mahalam goýup gitmezdi kakam.

06.01.2021ý.

✏Suraý BABANYÝAZOWA
59
43
elya
23.10.2023 17:53
Şeýdip ýene saña duşmak umytly,
Sabrym bilen hiç ýadaman göreşýän.
A sen bar arzuwym çykarman puja,
Gelginiñ, gelginiñ hökman garaşýan.
56
50
elya
23.10.2023 00:00
Nirä baksam, gysganýarsyň gözlerim,
Çynyň bilen meni beýle gabanma!
Diňe saňa bagş eýledim näzlermi,
Çynyň bilen meni beýle gabanma!

Sözümde ýalan ýok, söýýänme ynan,
Söýgi berkemeýär bolmasa ynam.
Joşgunly kalbymy talaňa salan,
Çynyň bilen meni beýle gabanma!

Dünýe ýaly giň kalbymyň şasy sen,
Bu gudratly ylhamymyň joşy sen,
Şatlygym sen, gözlerimiň ýaşy sen,
Çynyň bilen meni beýle gabanma!

Sen diýip gursakda gürsüldär çepim,
Beýiklerden synla dünýäniň çetin,
Eger men gabansam, bolmaýar çakyň,
Çynyň bilen meni beýle gabanma!

Bahargül Mejidowa
54
34
elya
22.10.2023 23:43
Bir bakyşda aşyk boldum men saňa,
Söýgimiň jogabyn aýdaý-da maňa,
Ukusyz gijeler garaşýan daňa,
Ynanaý, ezizim, ynanaý maňa!

Seniň gözleriňden maňa doýma ýok,
Söýgim meni öz erkime goýanok,
Neneň meniň ýürek sesim duýaňok,
Ynanaý, ezizim, ynanaý maňa!

Seniň keşbiň ýüregimde göterýän,
Her gezek göremde özümi ýitirýän,
Aýdym bilen ýürek sesim ýetirýän,
Ynanaý, ezizim, ynanaý maňa!

Toý toýlasak, gelnalyjylar batlanar,
Söýgimize älem-jahan şatlanar,
Aşyk ýürek seniň bilen şat bolar,
Ynanaý, ezizim, ynanaý maňa!

Güljemal Garaýewa.
53
25
elya
22.10.2023 21:14
Nala...
Gijäñ ýary rahat ýatan halatym,
Birden howp abandy bu rahat hala.
Bir babejik örän çirkin ses bilen,
Enäniñ garnynda çekýärdi nala:

-Neneñ unudarsyñ ejejan meni,
Sen nädip ýaşajak meni öldürip?
Haýsy ene rahat ýaşandyr öýdýäñ,
"Ýagty görmedigin" ajala berip?!

Gark edip bileñok pişigi, iti,
Ýa oklap bileñok syçany peje.
Onsañ niçik öz janyñdan döräni,
Ýolup musur guta oklajak eje?

Neçün maňa seniñ haýpyñ gelenok,
Ýa men saña dälä ownujak zadam...
Gan lagta bolsamam ejejan entek,
Señ garnyñda dörän Adam men Adam.

Wah diñlän bolmady onuñ arzyny,
Bölek bölek edip bedrä oklandy.
Şeýdip dünýä injek täze dünýäni,
Inäýjek ýerinden aýryp ýoklandy.

Tisginip oýandym hernä düýş eken,
A soñra gynandym başymy tutup.
Sebäp huşumda-da ýaşaýanlar bar,
Bagryndan döräni "musura" atyp.

Kerim Hally
52
36
elya
22.10.2023 18:07
Söý meni ýar söý!
Başymyñ gowgasy bulutlardan köp,
On gün ýasa dönýär, bir gün bolsa toý.
Şatlygym kemelip, gam-gussa top-top,
Şo ýazgytdan saplap,
Söý meni ýar söý!

Daşym ot, içim ot, öçesim gelýär,
Kä-te göz ýaşymy içesim gelýär.
Dünýä kert bolsady...,
Gaçasym gelýär,
Ýaman neti ýoklap,
Söý meni ýar söý!

Dilimiñ ujunda saklanýar ahym,
Men ony saklaýan berk tutup myhyn.
Çykjak deý damakda çaýkanýar ruhum,
Oñ islegin çäkläp,
Söý meni ýar söý!

Duýgy diýilýän zat-dilsiz bir tilsim,
Kä-te mälim bolýar ýörseñ-de ümsüm.
Dañdan oýanjagmy aýt gyz kim bilsin,
Ajalam bir ýatlap,
Söý meni ýar söý!

Ýanan göwün, ýaýnap heýjana gelsin,
Dogrusy söýgüsiz sen maña delsiñ.
Birden señ söýgiñe bogulyp ölsem,
Aşyk ruhum şatlap,
Söý meni ýar söý!

Kerim Hally
51
24
elya
21.10.2023 18:53
DÖWÜK-DÖWÜK BU GÖWNÜMIŇ DERDI KÄN

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň.

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ýazmak — kysmatyma berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.

Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ak kagyza gara reňkli gussamy.

Şeýde-şeýde bildim: Göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre.
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini,
Ölemden soň maňa derek gepläre.

Sapa HOMMADOW.
59
68
elya
21.10.2023 16:29
Ter güllerden çemen bogup elime,
Garaşsaňam barýan, garaşmasaňam.
Söýgüň nurun çaýyp, gara gözüme,
Garaşsaňam barýan, garaşmasaňam.

Adyň monjuk edip, kalba düzenim,
Sensiz biderekdir dünýe gezenim.
Söýgüm üçin aýralyga dözenim,
Garaşsaňam barýan, garaşmasaňam.

Ýapraklar tans etsin, ýelleň sazyna,
Gül ýüzüň meňzetdim bahar-ýazyma.
Uzak-uzak ýollar goýup yzyma,
Garaşsaňam barýan, garaşmasaňam.

Ötdi ýyllar, örtdi ýyllar söýgümiz,
Güýzler nagyş etdi hasrat-gaýgymyz.
Mundan artyk syr bolmasyn duýgymyz,
Garaşsaňam barýan, garaşmasaňam.

Goý, söýgümiz pynhan bolsun dünýede,
Bagt hakda söhbet etsin göreçler.
Seni gördüm ertirimde-düýnümde,
Garaşsaňam barýan, garaşmasaňam.

Gunça ORAZOWA
53
60