elya
24.10.2023 00:36
Seni ýatlap, ser salamda yzyma,
Nurly gözleriňi göresim gelýär.
Sen gideliň ýer tapamok özüme,
Käbäm enem, seni göresim gelýär.

Diwardaky asylgy-la suratyň,
Törümize nurun saçýar syratyň,
Ýaşlygymdan büdredi-le gyr atym,
Mähribanym, seni göresim gelýär.

Ýaşlyk edip seni ynjydan bolsam,
Nähak ýüregiňi sanjydan bolsam,
Bagyşla, ejejan, biynjalyk bolsaň,
Neýläýin, men seni göresim gelýär.

Birje pursat didaryňy görmäge,
Razydyryn dünýe malyn bermäge,
Älemi aýlanyp, tenha gezmäge,
Neýläýin-le, seni göresim gelýär.

Behişdiň içinden gözläp tapsadym,
Bagryma basyplar, birje öpsedim,
Älemiň bar güllerin saňa bersedim,
Nurly gözleriňi göresim gelýär.

Güljemal Garaýewa.
56
27
gurbanowa
24 Oktýabr 2023
👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.