elya
22.10.2023 23:43
Bir bakyşda aşyk boldum men saňa,
Söýgimiň jogabyn aýdaý-da maňa,
Ukusyz gijeler garaşýan daňa,
Ynanaý, ezizim, ynanaý maňa!

Seniň gözleriňden maňa doýma ýok,
Söýgim meni öz erkime goýanok,
Neneň meniň ýürek sesim duýaňok,
Ynanaý, ezizim, ynanaý maňa!

Seniň keşbiň ýüregimde göterýän,
Her gezek göremde özümi ýitirýän,
Aýdym bilen ýürek sesim ýetirýän,
Ynanaý, ezizim, ynanaý maňa!

Toý toýlasak, gelnalyjylar batlanar,
Söýgimize älem-jahan şatlanar,
Aşyk ýürek seniň bilen şat bolar,
Ynanaý, ezizim, ynanaý maňa!

Güljemal Garaýewa.
53
25
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.