elya
21.10.2023 18:53
DÖWÜK-DÖWÜK BU GÖWNÜMIŇ DERDI KÄN

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň.

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ýazmak — kysmatyma berlen “gönükmäm”.
Belki, ýöne ýerden däldir
Gijeler
ýatan pilläm birden-birden demikmäm.

Onsoň ýene hasrat bilen oýanyp,
Sähere ýaýradyp çap-çal tüssäni,
Ýazjak bolýan ýene başardygymdan,
Ak kagyza gara reňkli gussamy.

Şeýde-şeýde bildim: Göwündeş gerek
Göwnüň döwük böleklerin sepläre.
Hemem ýazmak gerek ýürekdäkini,
Ölemden soň maňa derek gepläre.

Sapa HOMMADOW.
59
68
dowrann
21 Oktýabr 2023
@altyyeva, 👨‍💻 kfu
altyyeva
21 Oktýabr 2023
@dowrann, oho. Sagaman bar. Haysy ugurdan girdin ?
dowrann
21 Oktýabr 2023
@altyyeva, hmm tuweleme👏 men bolsa 1 hepdeden
altyyeva
21 Oktýabr 2023
@dowrann, inniki ay gidip baryan.
dowrann
21 Oktýabr 2023
@altyyeva, yok, bardynmy ya hali cykanokmy yurdan?
altyyeva
21 Oktýabr 2023
@dowrann, gowy. Biz tanyşmy ? Hawa girdim
dowrann
21 Oktýabr 2023
@altyyeva, hawa okayan senem okuwyna girdim diyipdinmi?
altyyeva
21 Oktýabr 2023
@dowrann, Kazanda okayanyzmy ?
dowrann
21 Oktýabr 2023
@altyyeva, gowmy yagsymy,
altyyeva
21 Oktýabr 2023
@dowrann, Salam !
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.