elya
23.10.2023 22:06
“PAMYK DEÝ TÄMIZDI KAKAMYŇ GÖWNI...”

Ot basmaga gitsek kakamjan bilen,
Bar zat öz-özünden bolar barardy.
Mesaýy oturan ýalydyr welin,
Atyz-atyz oty bogar barardy.

Kakam her bir işe juda ezberdi,
Döwlen ulaglaram ýörederdi ol.
Arly gyşam gydyrdanyp ýörşüne,
Tomsuň güni ýaly gara-derdi ol.

Päli pes, göwni giň adamdy kakam,
Başlan her bir işin aýaklardy ol.
Ýöne ejiz gelse, bar işin taşlap,
Döwülen göwnüni seýiklärdi ol.

Pamyk deý tämizdi kakamyň göwni,
Ýüzünden görnerdi ýüregindäkem.
Gitmeli bolandyr, ýogsam-a bizi
Hiç mahalam goýup gitmezdi kakam.

06.01.2021ý.

✏Suraý BABANYÝAZOWA
59
43
deid
24 Oktýabr 2023
Gaty haladym bu goşguny
violinist
24 Oktýabr 2023
Soňky iki setiri...((
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.