Nala...
Gijäñ ýary rahat ýatan halatym,
Birden howp abandy bu rahat hala.
Bir babejik örän çirkin ses bilen,
Enäniñ garnynda çekýärdi nala:
-Neneñ unudarsyñ ejejan meni,
Sen nädip ýaşajak meni öldürip?
Haýsy ene rahat ýaşandyr öýdýäñ,
"Ýagty görmedigin" ajala berip?!
Gark edip bileñok pişigi, iti,
Ýa oklap bileñok syçany peje.
Onsañ niçik öz janyñdan döräni,
Ýolup musur guta oklajak eje?
Neçün maňa seniñ haýpyñ gelenok,
Ýa men saña dälä ownujak zadam...
Gan lagta bolsamam ejejan entek,
Señ garnyñda dörän Adam men Adam.
Wah diñlän bolmady onuñ arzyny,
Bölek bölek edip bedrä oklandy.
Şeýdip dünýä injek täze dünýäni,
Inäýjek ýerinden aýryp ýoklandy.
Tisginip oýandym hernä düýş eken,
A soñra gynandym başymy tutup.
Sebäp huşumda-da ýaşaýanlar bar,
Bagryndan döräni "musura" atyp.
Kerim Hally