elya
06.04.2024 00:00

Uzak ýaşa Arzuwym🎂
Salam, gadyrly ýûrekdeş, duýgudaş, dünýädeş...
Seniň bilen tanyşanymdan bäri özümi şol bir deňizde birmeňzeş gämilerde ýüzýän ýaly duýýan.

Gözümiň dilinden aňlaýan, gämileriň portlary ýaly wagtal-wagtal durjagym, kalbymdaky dertli ýükümi düşürjegim, gursagymdaky tolkunlar gutarýança garaşjak, köşeşdirjek. Soň bolsa meni açyk deňizlere goýberip, yzyma ýene gaýdyp geljek günüme umyt we höwes bilen garaşjak, käte-de garaşmagyň ýerine, öňünde şemalam bolsa, maňa tarap ýelkenini açjakdygyna ynanýan duýgudaşym, bu gün seniň bu dünýäniň mylaýym howasyndan dem
alýanyňa 23 ýyl bolýar. Men bu gün seniň täze ýaşyň, diňe bu günüň däl, eýsem mundan soňky durmuşyň, ýaşaýşyň üçinem aýdasym gelýän kalbymdaky gözel arzuwlarym, men saňa gije-gündiz daglar ýaly uzynlykda hat ýazsamam, içimdäki saňa bolan minnetdarlyk duýgusyndan ejiz geler. Ýagny, ýüregimdäki sözler beýan edip bilmejegim derejede duýgulardan, arzuwlardan ybarat. Seniň ömür kitabyň mukaddes söýgi, tämiz we arassa duýgulardan ýazylan. Men ol kitaby diňe bir okamak däl, batly ses bilen daşymdan okamak isleýän. Çünki sesimi eşiden üçin yşk bolsun diýip. :)

Aramyzdaky dostlugyň “bir bar eken, bir ýok eken” bolmazlygy üçin içimdäki dostluk agajyny seniň bakjaňa dikmek we şol ýerde miwelemegini isleýän.

Gussa, şatlyk şowhunymy
Paýlaşaryn seniň bilen.
Gadyrly
@arzuw shaýymowa,
Duýgudaş bol meniň bilen! :))

“Söz uçar, ýazgy galar” diýlişi ýaly, meniň ýönekeýje bu setirlerim saňa ýadygär galsyn. Durmuşyňda alyp, lezzetini duýup biljek iň uly sowgadyň süýjülikde, ýagşylykda ýatlanmak bolsun! Her gyşyň bir bahary, her gijäniň bir säheri bolup ýaşa! Goý, durmuş saňa ullakan, soňsuz bagt, wepaly söwer ýar eçilsin! Doglan günüň gutly bolsun!

Ýeri, saňa näme arzuw etsemkäm?!
Bagtdan paýyň bolup dursun hemişe.
Bolmawersin bu durmuşda gussaň kän,
Güler yüzüň gülüp dursun hemişe.


Owadan bolmagam iň uly bagt,
Seň görküňe täsir wagt,
Bir gün ykbalyňa ýar boljak ýigit
Çyn söýgiňi bilip dursun hemişe.

Ömre bezeg berjek ýyllar alnyňda,
Beýik-beýik, gowy günler alnyňda,
Gujak-gujak, elwan güller alnyňda
Bolup dursun, bolup dursun hemişe.

“Sen — barlykda gazanan baş ýeňişim.”






62
592
elya
05.04.2024 21:47

Musulman doganlar size arzuwym,
Kabul bolsun ähli dilegleriñiz.

Bu gije Jebraýyl inip asmandan,
"Ikra oka!" diýip, buýruk getirmiş.
Dünyäni nur etjek beýik Gurhandan,
Bäş aýady Muhammede ýetirmiş.

Byrag atly atyn münüp Pygamber,
Huzuryna barmyş Perwerdigäriñ.
Şondan soñ mukaddes bolmuş bu gije,
Hem musulman zenan, imanly äriñ..

Bu gije gelermiş rysgal seçmäge,
Keşbe girip Hydyr aleýhissalam.
Allah dergähinde kabul bolarmyş,
Uka eýlenmedik arzuwly kelam.

Gapysy ýapylyp ýedi dowzahyñ,
Açyljakmyş sekiz Jennet işigi.
Musulman bendäniñ doga-dilegi,
Owratjakmyş şeýtanlaryñ dişini.

Bu gijäniñ nury, gündizden ýagty,
Şudur "Gadyr" hakda bilenlerimiz.
Musulman doganlar size arzuwym,
Kabul bolsun ähli dilegleriñiz.

Kerim Hally

42
124
elya
02.04.2024 01:20

Yzak ýaşa Güljanjan🎂

Ilki bilen ähliñize ýalkymly Salam😍!!
Bu gutlaglar
@melhem yagny Guljan'yma🥳🎂
Aklm uzak yasha saña shu ýyl ilki bilen jan saglyk  arzuw edýän! goý, seniñ eden shu zemindäki ähli arzuwlaryñ hasyl bolsun,  hemishe maña bolshy ýaly päk bolsun, shu durmushda diñe bagtly etjek adamlara dush. Ãhli bashlan ishleriñde saña üstulünlik arzuw edýän! Saña uly bagt,her bir gechen günüñ shatlykly bolmagyny, güler ýüzüñ solmazlygyny, shol güler ýüz bilen ýüregiñ hem ýylgyrmagyny arzuw edýän! goý, shu dünyädäki ähli bashlangych ishleriñ rowach bolsun, UZAK ÝASHA GOWJAM👭🧡🥳

Güljan'ym, bu gün seniñ günüña,
Atdyñ ädimiñi ýigrim altyña,
Bahar pasly gelipsiñ sen bu dünýä,
Arzuwlar arzuwlap doglan günüñe,
Telwas edip, bagt dileýän ömrüñe.

Nurana gözleriñ ýylgyrsyn mydam,
Aý ýaly ýüzleriñ bezesin edañ,
Bu dünýä shatlykdan ýanlansyñ sedañ
Arzuwlar arzuwlap doglan günüñe,
Telwas edip, bagt dileýän ömrüñe.

Nowça gül deý, gözel bolsun durmuşyñ,
Dost - ýarlañ gollasyn töwerek daşyñ
Mertebäñ belentde sag bolsun başyñ
Arzuwlar arzuwlap doglan günüñe,
Telwas edip, bagt dileýän ömrüñe.

56
342
elya
28.03.2024 15:40

ÝAŞAMAGA ÝALÑYZ HÖWES

Sensiz gije tüm görünýar,
Maña Günüñ şuglasy pes.
Ýer ýüzüniñ bir ýerinde
Ýatlayansyñ, maña şol bes.

Beýle söýgä garyşmazlyk,
Belki günä, belki hebes.
Iñ esasy darykmazlyk.
Garaşýarsyñ, maña şol bes.

Şükür, sabrym kanagatym,
Maña umyt, arzuw, nepes.
Garrap seni tanamasam,
Sen tanarsyñ, maña şol bes.

Sen meniñ jadyly yşgym,
Ýaşamaga ýalñyz hõwes.
Sen diyip bar zatdan geçdim,
Söýýañ, söýýan. Maña şol bes.

53
93
elya
28.03.2024 10:04

Men saňa şeýle bir Bagt bererin,
Hatda arzuwdanam gözel görüner.
Mähir-yhlasymy nagt bererin,
Söýgim barjasyndan ozal görüner.

Al şapakdan uçgun alan güllerim
boýna orap,
Garşylasam günlerim.
Saýraberse dahan içre dillerim,
Şanyňa goşgular düzen görüner.

Gülden görk alaryn,
Aýdan asyly,
Bahar bolar ömrümiziň pasyly,
Leblerinde gizläp gandu-asaly,
Sözlerinde şerbet süzen görüner.

Seniň adyň bilen dünýämi gurşap,
Men saňa garaşýan
Her säher - her şam,
Togalanyp dursa bu goja ýer şar,
Seni gözläp, älem gezen görüner.

Goý, günler ulaşsyn, güne sepleşip,
Barybir, men gitmen senden çetleşip,
Düýşünde-de seniň bilen gepleşip,
Gijeler ukusyn bozan görüner.

59
297
elya
27.03.2024 02:17

Tekebazarda (drama)

(4 sany ülpet
@Gerçeknazar , @Perhat Sabirow , @Juma Şahyr , @BBejodof Tekebazarda işsiz kaňkap ýörler. Birdenem @Gerçeknazaryň Aý ýaly @ssaparaya gözi düşýär. Soňra ülpetler @ssaparayyň telefon nomerini aljak bolup jan edýärler)
@Gerçeknazar -(başyny başlaýar)

-Seni gördüm,mament söýdüm
Diýdim "Beräý nomeriňi "
Ýalbardym berersiň öýdüp
Haýyş beräý nomeriňi

@ssaparay -(jogap berýär)

-Sen maňa nirede duşduň?
Berjek däl men nomerimi.
Aýt haçan söýüp ýetişdiň.
Beremok men nomerimi.

@Perhat Sabirow (özelenýär)

Tarypyňy ýazdym ençe
Heý gözel barmyka sençe ?
Gije urlup geldik şunça
Indi beräý nomeriňi

@ssaparay (berer ýaly däl)

Tarypymy ýazma indi,
Asla men diýp gelme indi ,
Wapşe söýjek bolma indi,
Berjek däl men nomerimi.

@Nirvana (jorasam alyp göterýär)

- Berenok şol nomerini

@Bejidof (goşga goşulýar)

-Düýn öýlän öýňize bardyk
Agaň bar eken soň gördük
Wah şol günem gaýtdyk urlyp
A gyz beräý nomeriňi

@ssaparay - Berjek däl

@Juma şahyr -

65-lik diýip gülýäň
Nüçün meni oýnan bolýaň
Ahyr berjegiňä bilýän
A gyz beräý nomeriňi

@ssaparay - Berjek däl .

@Gerçeknazar -

Erkek sözün berýär Gerçek
Seni jandan eziz görjek
Diňe saňa göwnüm berjek
A gyz beräý nomeriňi

@ssaparay - Berjek däl

(Ülpetler her näçe ýalbarsalarda @ssaparay telefon nomerini bermedi.Ülpetler oňa gynanşyp, aglaşyp durkalar @Belki gelýär)

@Belki -

-Diýdiñ her öñýetene "ýar",
Üstüñden atyr "añkaýar",
Tekebazarda kañkaýañ.
Aýuw, oglan, adyñ näme?

@Gerçeknazar (ony eşidip hasam göwni joşýar)

- Diýdim her öňýetene "ýar"
Üstümden atyr "aňkamaýar"
Dogry şol ýerde kaňkaýan,
Aýtsam saňa adym Gerçek

@Belki

-Boýuñ uzyn, hor özüñem,
Hondansy bakýar gözüñem,
Sen ýalylar tiz gözüger,
Aýuw, oglan adyñ näme?

@Gerçeknazar:

- Boýum uzyn,nädip bildiň?
Pulym kän hondansy boldym.
Aýt sen meni haçan gördüň?
Aýtsam saňa adym Gerçek.

@Belki :

-Dur-la eliñem güllimi?
Permanmyka ýa Pürlimi?
Arassamy ýa kirlimi?
Aýuw, oglan adyñ näme?

@Gerçeknazar:

- Hawa elimem güllije,
Permanam däl , däl Pürlide,
Arassaja hem kirlije ,
Aýtsam saňa adym Gerçek

@Belki :

-Adyñy bilsem boldugy,
Adyña geçirjek barymy,
Men şo dereje mal-da gy,
Aýuw, oglan adyñ näme?

@Gerçeknazar:

- Özüňem adyň aýtmadyň,
Mäleýän maldyr öýtmediň,
Menemä yza gaýtmaryn,
Çünki meniň adym Gerçek.

@Abaddon (bularyň bolup oturşyny görüp gahary gelýär) - Şular biz.islenen.ru saýtynda-da mydama düzgünnamany bozup ýördiler . Bärde-de dek gezýän däldirler. @Pegas , @Remezan ýok edip Tekebazardan kowuň bulary.

(@Abaddon bu wagt Tekebazaryň başlygy. @Pegas bilen @Remezan ülpetleri Tekebazardan kowup çykarýarlar)

@Bejodof (@Gerçeknazara gaharlanýar)- Bolup ýörşüň şu bolsa kowulan ýeriň kän bolar (soňy)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW

51
161
elya
26.03.2024 17:34

OL KIM?!..


Men kimdir birini unudan ýaly,
Kimdir biri çykan ýaly ýadymdan...
Ýüregim käteler tisginip gidýär,
Nätanyşyň has nätanyş adyndan.

Ýerden çykan ýaly bolup bir şemal,
Birdenkä sypalap geçse başymy,
Men oňa şol diýip, edýän-de güman,
Synlamaga gorkýan degre-daşymy.

Durmuş tapmaçamy,
Gurluş tapmaça?!
Soraglar ummany heläk etjekden.
Adam öz-özüni gözläp tapmasa,
Oňa kimdir birin sebäp etjekden.

Her kim göräýmäge hoşgylaw ýaly,
Başga kişi bolýar,
baraňda deňne.
Ol kim,
döräýmeli goşgulam ýaly,
Meni dert-azara salarça beýle?!

Ýatdan çyksa, ýatdan çykmaly zatlar,
Soň yzyna geljek bolup durmasa.
Men ýene tisginýän nätanyş atdan,
Ýalta bakýan, nätanyş ses gürlese...

47
77
elya
26.03.2024 11:16

Sungat – okan şygryň ganat bitirse.
Sungat – heýkel synlap, ruhuňy syzsaň.
Kalp dil açyp, öz diliňi ýitirseň,
Içiňden gygyryp, daşyňdan dymsaň...

Sungat – buz deý doňup galan duýgulaň
Aýdym diňlän wagtyň köňle damyşy.
Sungat – çyn zehinden aýagy ýalaň
ýasamanyň gaçyp gidip baryşy...

54
104
elya
26.03.2024 00:35

Golumdan däl göwnümden tut!.

Ikimiziñ aramyza, köpri bolan,
umytlary,
Kalbymyñ çuñ ýerinde duran,
Adyñy,
Oduñy,
Dadyñy,
Ähli zadyñy,
Gursagyma tozan sorujy tutda,
Zibile okla!.

Seret!
Sen ähli geçenleri unutda,
Ýalanlarña gark edeñde göwnümi,
Iñ soñkyja ýapyşalga samanam,
Ellerimden garbap, goparyp,
alanyñy unutma.

Ýok bu zatlar asyl seniñ hatañ däl,
Islemedik zatlañ başyña geldi,
Seni ulananam meniñ ykbalym,
Şony bilmezligiñ ýa bilmejegiñ,
Hoşuma geldi.

Ýoluñ soñy duzaklara barýamy?
Dogmadyk duýgyma don biçip ýörün,
Men senden has uzaklara barýaryn,
Hem senden däl özümden gaçyp ýörün.

Ynam bilen söýgi bilen görülýän,
Bagtyñ teatry petek satmaýar,
Arkaýyn gidiber, salgyma yñda,
Dymda,
Göwnümden tutup,
Meni sakla ýa!...

46
76
elya
25.03.2024 23:29

Salam..
Aralarda bir agza sudoku goyupdy, Shony haysy agzañ goýanyny bilemok. Remezan agam (Remezan Mametgurbanow) chözüpdir we sudoku goýan agza jogaplaryny ýetirmegim isledi emma kimiñ goýanyny bilmamsoñ post edip goýaýyn diýdim jogaplary...



44
151