elya
28.03.2024 10:04

Men saňa şeýle bir Bagt bererin,
Hatda arzuwdanam gözel görüner.
Mähir-yhlasymy nagt bererin,
Söýgim barjasyndan ozal görüner.

Al şapakdan uçgun alan güllerim
boýna orap,
Garşylasam günlerim.
Saýraberse dahan içre dillerim,
Şanyňa goşgular düzen görüner.

Gülden görk alaryn,
Aýdan asyly,
Bahar bolar ömrümiziň pasyly,
Leblerinde gizläp gandu-asaly,
Sözlerinde şerbet süzen görüner.

Seniň adyň bilen dünýämi gurşap,
Men saňa garaşýan
Her säher - her şam,
Togalanyp dursa bu goja ýer şar,
Seni gözläp, älem gezen görüner.

Goý, günler ulaşsyn, güne sepleşip,
Barybir, men gitmen senden çetleşip,
Düýşünde-de seniň bilen gepleşip,
Gijeler ukusyn bozan görüner.

59
297
melhem
29 Mart 2024
@elya, 🤍
💫Umudum
28 Mart 2024
💜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.