elya
28.03.2024 15:40

ÝAŞAMAGA ÝALÑYZ HÖWES

Sensiz gije tüm görünýar,
Maña Günüñ şuglasy pes.
Ýer ýüzüniñ bir ýerinde
Ýatlayansyñ, maña şol bes.

Beýle söýgä garyşmazlyk,
Belki günä, belki hebes.
Iñ esasy darykmazlyk.
Garaşýarsyñ, maña şol bes.

Şükür, sabrym kanagatym,
Maña umyt, arzuw, nepes.
Garrap seni tanamasam,
Sen tanarsyñ, maña şol bes.

Sen meniñ jadyly yşgym,
Ýaşamaga ýalñyz hõwes.
Sen diyip bar zatdan geçdim,
Söýýañ, söýýan. Maña şol bes.

53
93
mokono
29 Mart 2024
@komekovva, garaňka tüm diýilýä.
komekovva
29 Mart 2024
@mokono, gija tüm dal tün diylyar:)
mokono
29 Mart 2024
@hajymyratt, goşgy bolsun, çeper eser bolsun, ýa surat bolsun tapawudy ýok. Döredijilik eseriniň haýsy görnüşi bolanda-da kemçiligi, artykmaçlygy okyjy gözläp tapmaly. Onsoňam iň esasy, bu ýerde kemçilik aýdylanoga )
hajymyratt
28 Mart 2024
Gijeleriñ Aý aýdyñy hem bar. Ýada biz şahyryn nämäni göz öñüne tutanyny bilemzok. We kemçilik gözlemek size galmandyr. Ussadyñ işini özünden gowy et. Onsaň onuñ eden işine at dakmana haklysyñ.
ATOMIC
28 Mart 2024
👍❤️
efsane_tm
28 Mart 2024
çyndanam gije tüm görünýa diyp nadayipdir
mokono
28 Mart 2024
Goşgy gowy eken ýöne
mokono
28 Mart 2024
Tagam gije bolarda tüm bolarda🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.