elya
26.03.2024 17:34

OL KIM?!..


Men kimdir birini unudan ýaly,
Kimdir biri çykan ýaly ýadymdan...
Ýüregim käteler tisginip gidýär,
Nätanyşyň has nätanyş adyndan.

Ýerden çykan ýaly bolup bir şemal,
Birdenkä sypalap geçse başymy,
Men oňa şol diýip, edýän-de güman,
Synlamaga gorkýan degre-daşymy.

Durmuş tapmaçamy,
Gurluş tapmaça?!
Soraglar ummany heläk etjekden.
Adam öz-özüni gözläp tapmasa,
Oňa kimdir birin sebäp etjekden.

Her kim göräýmäge hoşgylaw ýaly,
Başga kişi bolýar,
baraňda deňne.
Ol kim,
döräýmeli goşgulam ýaly,
Meni dert-azara salarça beýle?!

Ýatdan çyksa, ýatdan çykmaly zatlar,
Soň yzyna geljek bolup durmasa.
Men ýene tisginýän nätanyş atdan,
Ýalta bakýan, nätanyş ses gürlese...

47
77
mandarin
27 Mart 2024
Ol kım ?
efsane_tm
26 Mart 2024
su suratlary word presda yasayañmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.