elya
05.04.2024 21:47

Musulman doganlar size arzuwym,
Kabul bolsun ähli dilegleriñiz.

Bu gije Jebraýyl inip asmandan,
"Ikra oka!" diýip, buýruk getirmiş.
Dünyäni nur etjek beýik Gurhandan,
Bäş aýady Muhammede ýetirmiş.

Byrag atly atyn münüp Pygamber,
Huzuryna barmyş Perwerdigäriñ.
Şondan soñ mukaddes bolmuş bu gije,
Hem musulman zenan, imanly äriñ..

Bu gije gelermiş rysgal seçmäge,
Keşbe girip Hydyr aleýhissalam.
Allah dergähinde kabul bolarmyş,
Uka eýlenmedik arzuwly kelam.

Gapysy ýapylyp ýedi dowzahyñ,
Açyljakmyş sekiz Jennet işigi.
Musulman bendäniñ doga-dilegi,
Owratjakmyş şeýtanlaryñ dişini.

Bu gijäniñ nury, gündizden ýagty,
Şudur "Gadyr" hakda bilenlerimiz.
Musulman doganlar size arzuwym,
Kabul bolsun ähli dilegleriñiz.

Kerim Hally

42
123
arxx
6 Aprel 2024
@indi, 🤲🤲
alma___
5 Aprel 2024
Àmin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.