https://owrenmeli.app/65122-baram-bejidow.html#comment
elya
26.03.2024 00:35
Golumdan däl göwnümden tut!.
Ikimiziñ aramyza, köpri bolan,
umytlary,
Kalbymyñ çuñ ýerinde duran,
Adyñy,
Oduñy,
Dadyñy,
Ähli zadyñy,
Gursagyma tozan sorujy tutda,
Zibile okla!.
Seret!
Sen ähli geçenleri unutda,
Ýalanlarña gark edeñde göwnümi,
Iñ soñkyja ýapyşalga samanam,
Ellerimden garbap, goparyp,
alanyñy unutma.
Ýok bu zatlar asyl seniñ hatañ däl,
Islemedik zatlañ başyña geldi,
Seni ulananam meniñ ykbalym,
Şony bilmezligiñ ýa bilmejegiñ,
Hoşuma geldi.
Ýoluñ soñy duzaklara barýamy?
Dogmadyk duýgyma don biçip ýörün,
Men senden has uzaklara barýaryn,
Hem senden däl özümden gaçyp ýörün.
Ynam bilen söýgi bilen görülýän,
Bagtyñ teatry petek satmaýar,
Arkaýyn gidiber, salgyma yñda,
Dymda,
Göwnümden tutup,
Meni sakla ýa!...
46
76