elya
20.09.2023 18:57

Ýüregmiň çalt urmasyna,

Käte wagtyň durmasyna,

Saýrak dilmiň dymmasyna

Sen sebäp!


Goşgy ýazsam galamyma,

Düşüp söýgiň bulagyna,

Başga ýigit bolanyma

Sen sebäp!


Uýalyp, habar gatmasam,

Dünýäde karar tapmasam,

Köçäňizden kän gatnasam,

Sen sebäp!


Öýtme beýle bir ýeňlesem,

Sende gözüm kän eglesem,

Maňa düşünip bilmeseň,

Men düşündirip bilmesem,

Kim sebäp?


Tirkişmyrat NURÝAGDYÝEW

48
86
elya
19.09.2023 18:58

GYMMAT ARZUWLARYÑ MUGTLYGNA ŞÜKÜR!


Ömür geçýär, sekuntlara seplenip,

Ýaralarma em gözledim gijeden,

Kagyz ýaly ikä bölüp, eplenip,

Çeker ýaly täleý bize bije däl.


Ýo düşünýän, başyñ salsañ ejizlik,

Ýalan dünýäñ gurluşyna düşme ýok,

Gaýta senden kem añtarýar kemterler,

Öz aýbyny açýanyna düşnenok.


Gol gowşuryp synlaýarsyñ durmuşy,

Añy ýeten añsadyna garaýar,

Kysmatyna kaýyl ýüpek gurçugy,

P:ilesini diñe özi saraýar.


A biz bolsa dalla gözläp her ýandan,

Ynanýarys añyrsy boş kasama,

Sadadanmy, kadadanmy?, Bilemok,

Hakykatdan üstün gelýär ýasama.


Ynanmarsyñ, käte käbir dertlerde,

Girelge bar çykalgasy ýok ýaly,

Sabyr edýäñ umydyña ýapyşyp,

Gussalaryñ owurdyñda ö:t ýaly.


Onsañ şeýdip boş hyýala berilýäñ,

Süýji geljek hakda edýärsiñ pikir,

Muzdyn añtap ýa-da tanyş görülmän,

Arzuw etmekligiñ mugtlygna şükür...


© Baýram BEJIDOW

57
83
elya
19.09.2023 15:11

Edil kalbymdaky harasat kimin,

Bu gije şeýlebir şuwlaýar şemal.

Öñýetene kalbyn duwladar ýaly,

Eje,gyzyñ doguldymy bikemal?


"Ýok,beýle däl"diýjegiñi bilýän señ,

Bilýän arka durjagyñy dogmaña.

Çagalykda garagolluk edäýsem,

Hemmeden öñ hossar çykardyñ maña.


Emma indi düşün,çaga däl gyzyñ,

Käýe, ýykylsamam,ýyksamam käýe.

Señ dözmäniñ üçin indi özgeleñ,

Zyñýan kesekleri degýär men taýa.


Awtory näbelli

51
56
elya
18.09.2023 10:52

Etmişim kän, ötmüşem sen, çagalygmyñ ýeñlesligni,

Öwredipdiñ has kiçikäm gyz görküniñ agraslygny,

On ýyl geýdiñ bir geýeniñ, maña tikdiñ köýnekligñi,

Joralarma güjeñlärdim, şonda aklym çatman eken,

Bir gülenmi dünýä deñän, görüp dursam, ejem eken.



Ýyllar göçýär, geçip barýar, başyñdaky çagalygam,

Köpelýändir durmuş hakda saña berýän soragymam,

Günler geçdi soñ ýat boldy şol çägeli Garagumam,

Talyp boldum, men özüme diýipdim-le «Bagty çeken»,

Ah, bu bagty gije-gündiz Hakdan dilän ejem eken.


Gara saçlañ aklygyna, düşünmedim ilki bada,

Jograndy-da ýürek şonda, atygsady, düşdi oda,

Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada,

Maña goýman ýazygymy, bagry bilen süzüp çeken,

Indi bilýän, ejem eken.


Men özümi ýalñyz duýdym şu märekäñ arasynda,

Ne alamat, bu duýgulam, sakla özüñ goragyñda,

Özüme zor salyp gelýän, ýyly mähriñ ideginde,

Jandan geçip söýjek barmy, tapylarmy dyza çöken?

Bagra basdy bir tanyş el, ol ýene meñ ejem eken.


Söýen ýigdim, goýup gitdiñ, ýat bolduk biz bir-birege,

Men ýüregñe ýol salsamam, gapy tapmadym girere,

Alynmadyk myhman ýaly, duýgym tazykdy bir ýere,

Meñ seni söýşimden beter, menem biri söýýän eken,

Şol ynsanam ejem eken.


Gyssanyber, däli köñlüm, wagtyñ şol bolşy, tizlänok,

«Ah, bu durmuş ejeñ däl-dä», ejizleseñ, ezizlänok,

Hemme kişi bagt isleýär, güzaby ýok, azaby ýok,

Köp aýdardyñ, diñlemezdim, soñam boldum, derde çöken,

Awunybam arzyñ aýtsañ, ejeñ seni diñlär eken.


Ýeñil işe tiz ýapyşdym, kynlaryny soña goýdym,

Şänik ÿaryp, mañzyn iýdim, gabygyny saña goýdym,

Çaýlamaga jorañ gelse, sen ýene-de gyzyñ öwdiñ,

Gör-ä durmuş niçiksi zat, ýörãn ýoluñ hile-gapan,

Ýagşyñ ýaýyp, aýbyñ ýapjak, ilki bilen ejeñ eken.


Ogulnur ATAÝEWA.»

49
47
elya
18.09.2023 10:46

MENI MENDEN ALYP GIDIŇ BIR MINUT


Meni menden alyp gidiñ bir minut,

Daglañ gizlin pyşyrdysyn diñlejek,

Duýgylarma jeza beren täleýiñ,

Men hakynda aýdan myşyn diñlejek.


Meni menden alyp gidiñ bir minut

Gidenimi ýüregimem duýmasyn,

Anyklajak, açyklajak ykbalyñ,

Wada berip ikiýüzli söýmesin.


Piliñ gulagynda uklasyn beýnim,

Men bir minut hüwdilejek tupany,

Şol wagtda hatda ýelem ösmesin,

Meñ daşymdan aýlanmasyn bu pany.


Elöwresin özün ýitiren özüm,

Bir minutjyk gadyrymy duýaýsyn,

Dolýan bolsa dolsun sabryñ käsesi,

Damjalap däl bedireläp guýaýsyn.


Añry-bäri aralykda durjakda,

Synlajak men, adalatyn bu dünýäñ,

Düýn agşam bir zatlar düýşüme girdi,

Şony doly görmedigme ökünýän.


Meni menden alyp gidiñ bir minut,

Birahat etmesin hatda siñegem,

Gowuşmagny diläp geljek Alladan,

Iñ bolmanda iñ kiçijek dilegiñ.


Aýtmaly zatlam bar biraz özüme,

Diýjegimi diýjek, aýtjagmy aýdyp,

Meni menden alyp gidiñ bir minut,

Onsañ öz-özümi ýigrenmen gaýdyp...


© Baýram BEJIDOW

45
42
elya
17.09.2023 21:07

“Gel,uçaly,ganatymyz guratka,

Ýan bermäli ýazlaň ynjyk ýeline,

Äkit meni,äkit meni ...”- diýýärsiň

Seň gursagyň aram tapjak ýerine.


Sada seniň hyýallaryň,arzuwyň,

Iň sap söýgi gursagyňa guýulan.

Diýmän bilmen bu zatlary men saňa,

Aram tapman ahyr soňy diýibem:


“Daglaň başy Asman bilen gürleşer,

Zemin bardyr deňizleriň serinde.

Çarlaklara mekan bolmaz gaýadan,

Bürgüt oňmaz seniň oňjak ýeriňde...”


AŞYR HANOW

48
44
elya
17.09.2023 19:41

Ilki ýazan goşgym ýaly sada sen,

Eziz sen ilkinji sylagym ýaly.

Nurana sen bir bulutsyz gijede

Aý diyip ýüzüme sylanym ýaly.


Ejem ýaly aladaçyl, mähirli,

Doganym deý gursagyma ýakyn sen.

Daş ýollardan aryp gelsem,ýadasam,

Baryp ilki söýenjegim-gapym sen.


Ýazlar ýaly owadan sen,gözel sen,

Güýzler ýaly parasatly,akylly.

Gara gözleñ ýüregimiñ törüne

Bezeg berýän ýatlama deý ýakymly


Gün sen,gül sen,

Erem bagyñ Gunçasy,

Ýakyn maña özüm ýaly bu Ýerde.

Hem bilýäñmi...\"...Juda-juda eziz sen,

Söýülerden,söýdürerden,söýerden...\"



Aşyr Hanow

43
53
elya
16.09.2023 20:19

ÝAGYŞ

Bir düşnüksiz howsalasy bar ýaly,

Indi ençe gündür ýagýar ol diňmän.

Ýa derde sataşdy,

ýa-da ýüregne

Yşkdan uçgun düşdi gözi deý iňňäň.


Ýagyş ýagýar, suw-sil edip ýollary,

Kimleň şähdi açyk, kimler darykýar.

Näçe adam öýlerine howluksa,

Ýene-de şonçasy daşaryk çykýar.


Her kimiň kalbynda çäksiz tolgunma,

Hoş sözler aýdylýar, ötülýär hata.

Saýawanly gyzjagazny göterip,

Hanha, gidip barýar nowjuwan ata.


Jemläp bir damjada müňlerçe syry

Ýagyş bagt paýlaýar töwerek-daşa.

Häzir bir-biregi küýsän aşyklaň

Duşuşygy has lezzetli, başgaça.


Ýagýar hetden aşyp,

sygman adata,

Bu howsala ýönekeý däl, kiçeň däl.

Mazaly ezilen baglar Gün çyksa,

Ýagşyň hikmetini dünýä güjeňlär.


Gubanjemal ANNAKOWA

48
36
elya
16.09.2023 13:44

Bu nämekä ýürek ýarylyp barýa,

Her gezek demimi alýaryn sojap.

Gözýaşym ummana garylyp barýa,

Olar ýetişdikä nämahal ajap?!


Ýeňip bilmän içimdäki tupany,

Çykyp barýan penjireden daşary.

Haçan beýle daraldyka bu pany,

Bildirmeýär Günüň dogup-ýaşany.


Ýörmesem-de menzil aşyp, gyr aşyp,

Syrly bir ýadawlyk batýar janyma.

Ýaşaýaryn her minudy garaşyp.

Kimdir biri gelmeli deý ýanyma.


© Gurbanjemal ANNAKOWA

50
57
elya
15.09.2023 20:29

Nokatjyk goýup ýadadym,

Ýazasym gelýär adyñy.

Görýärmiñ nä güne salýar,

Gizlin söýmeklik adamy.


Erk etmek barmy ýürege,

Ýa sen özüñi söýdürseñ...

Sen hakda aýtjak ejeme,

Olam kakama duýdursyn.


Soñ bilip yşga berlenim,

Gaharlanyp gyzmasynlar.

Olar meniñ ýazgydymy,

Özleriçe çyzmasynlar.


Razy bolsalar häzirden,

Sen hakdaky saýlawyma.

Duşmaly bolmaryn geljek,

Çapraz ýollañ aýlawyna.


Sorap-idäp kimligiñi,

Bilmeklerne kömek etjek.

Häzir bolsa sen hakynda

Ejeme aýtmaga gitjek.


© Laçyn ÖWEZOWA

49
63