elya
18.09.2023 10:46

MENI MENDEN ALYP GIDIŇ BIR MINUT


Meni menden alyp gidiñ bir minut,

Daglañ gizlin pyşyrdysyn diñlejek,

Duýgylarma jeza beren täleýiñ,

Men hakynda aýdan myşyn diñlejek.


Meni menden alyp gidiñ bir minut

Gidenimi ýüregimem duýmasyn,

Anyklajak, açyklajak ykbalyñ,

Wada berip ikiýüzli söýmesin.


Piliñ gulagynda uklasyn beýnim,

Men bir minut hüwdilejek tupany,

Şol wagtda hatda ýelem ösmesin,

Meñ daşymdan aýlanmasyn bu pany.


Elöwresin özün ýitiren özüm,

Bir minutjyk gadyrymy duýaýsyn,

Dolýan bolsa dolsun sabryñ käsesi,

Damjalap däl bedireläp guýaýsyn.


Añry-bäri aralykda durjakda,

Synlajak men, adalatyn bu dünýäñ,

Düýn agşam bir zatlar düýşüme girdi,

Şony doly görmedigme ökünýän.


Meni menden alyp gidiñ bir minut,

Birahat etmesin hatda siñegem,

Gowuşmagny diläp geljek Alladan,

Iñ bolmanda iñ kiçijek dilegiñ.


Aýtmaly zatlam bar biraz özüme,

Diýjegimi diýjek, aýtjagmy aýdyp,

Meni menden alyp gidiñ bir minut,

Onsañ öz-özümi ýigrenmen gaýdyp...


© Baýram BEJIDOW

45
42
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.