elya
16.09.2023 20:19

ÝAGYŞ

Bir düşnüksiz howsalasy bar ýaly,

Indi ençe gündür ýagýar ol diňmän.

Ýa derde sataşdy,

ýa-da ýüregne

Yşkdan uçgun düşdi gözi deý iňňäň.


Ýagyş ýagýar, suw-sil edip ýollary,

Kimleň şähdi açyk, kimler darykýar.

Näçe adam öýlerine howluksa,

Ýene-de şonçasy daşaryk çykýar.


Her kimiň kalbynda çäksiz tolgunma,

Hoş sözler aýdylýar, ötülýär hata.

Saýawanly gyzjagazny göterip,

Hanha, gidip barýar nowjuwan ata.


Jemläp bir damjada müňlerçe syry

Ýagyş bagt paýlaýar töwerek-daşa.

Häzir bir-biregi küýsän aşyklaň

Duşuşygy has lezzetli, başgaça.


Ýagýar hetden aşyp,

sygman adata,

Bu howsala ýönekeý däl, kiçeň däl.

Mazaly ezilen baglar Gün çyksa,

Ýagşyň hikmetini dünýä güjeňlär.


Gubanjemal ANNAKOWA

48
36
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.