efsane_tm
24.04.2024 23:05
Bir ýaşulynyñ töwirde sanan sözleri:

Kesel bilen oňuşaryn,
Gora ýas belasyndan!
Duşman bilen oňuşaryn,
Gora dost belasyndan!

Kerim Gurbannepesow
24
61
efsane_tm
21.04.2024 12:36
25-nji gatyñ
Yşygy söndi..
Garyşyk,
Çyrmaşyk
Hyýallarymyñ kölegesinde,
Köryşyk ylhamyñ
Ýagtysynda oturyp,
Jan nahalyma süzülen
Wagtyñ damjasyndan
Içdim..
Saralan ýaprakly,
Pudaldy şaha.
Doldy bir sahypa
Ömür depderimden..
Sanalan tesbimden
Süýndi bir ýyldyz.
Iññeli düşekde
Düýşlere
Ýene-de serildi ruhym.

© Ömürdag Tagandurdyýew
26
88
efsane_tm
20.04.2024 16:22
Ertir.. Ertir kimler üçin täze başlangyç, kimler üçin soñy. Käbirleri üçin ertir uly işleriñ başlangyjy bolsa, käbirleri üçin ýönekeýje "ertir".  Aslynda ertir näme boljagyny bilýän adam ýok.
Ertir - meniñ pikirimçe töwekgellik. Ertir - bu bir gapy. Ol gapy saña ýa açylar ýa açylmaz. Töwekgel ýagdaý şeýledälmi? "Bu günki işiñi ertire goýma" diýen nakyl ýöne ýere däl-ä. "Bugün göreniñ ertir ýok". Bugün biriniñ göwnüne degen bolsañ, belki ertir ötünç soramak üçin ony tapmarsyñ. Bugüne düýniñ ertiri bilen geldik, ertirimiz hem bugünümize görä bolar.
Ertir - bir alma agajy bolsa, ertirki günler hem ondaky almalardyr. Ol agajyñ aşagragyndaky almalary aldykça ýokarsyndakylara ýetmek kynlaşýar. Afrikada açlykdan we keselden ejir çekýän ynsanlaryñ, şol ertiriñ almasyndan almak üçin nä derejede çyrpynýanlaryny bilýän bolsañyz gerek?!  Wah ertir.. Sen ne beýle süýji ekeniñ? Saña doýan ynsan ýok..

***
Bugün 20.04.2024.. Ertir men ömrümiñ ýene bir basgançagyny basjak günüm. Ynsan her näçe basgançagy basyp ýokary gidýändirin öýtse-de, aslynda özi bilmezden aşak gidýär. Haçan-da basmaga basgançak galmadyk wagty, aýaklar ýere ýetende özüni eýýäm gara topraga garylanyny görer. Aýdarlar: "Baky uka gitdi" diýip. Aslynda biziñ huş diýp bilýänimiziñ, bu dünýäniñ wagtlaýyn pursadynda görýänimiziñ ählisi düýş. Ynsanlar bolsa ýene bäş minut düýş görmäniñ yşgynda tutaşýar. Belki bugünki görýän düýşümizden ertir oýanarys. Ýa-da ertir hem bugünki düýşümiziñ dowamyny görersimi?


© Ömürdag Tagandurdyýew
23
71
efsane_tm
19.04.2024 18:44
Gapma-garşy

Gözlerime meñzeş dideler
Seredýär maña.
Gamgyn bakyşlar,
Sussupes düşünjeler,
Gaýgydan ýaña
Bürüşen duýgylar.
Aý nury sepilen
Selçeñ tarlar,
Öçügsi ýyldyzlar,
Sanawy
Wagtyñ elinde.
Özümi gördüm,
Çal sepen aýnada
Ölümi gördüm.

© Ömürdag Tagandurdyýew
26
69
efsane_tm
13.04.2024 20:04
Ýalñyzlygyma döneýin, maña hiç hyýanat etmedi🥴
***
Haýsy gyzdan sorasam hemmesiniñ söýgülisi bar. Skidkda boldy-da meñ habarym bolmadymyka🥴
***
Akkaundynyñ parolyny bermediñ diýp aýrylýan söýgüliler barmyş. Wah meñ söygülim bolsa, da-Vinçiñem parolyny berjegä🥴
***
Eý ýalñyzlyk! Hemmäñ goýnuna girip çykýañ welin, näme üçin meñ ýakamy goýbereñok🥴
***
Aýalyñyz iññirdäp gün berenokmy? Oña "Birhilli semräpsiñmi?" diýp gyra çekiliñ. Bu ony bir müddet sizden uzaklaşdyrar🥴
***
Öñki söýgülilerimiñ hemmesine 14-nji fewralda mübärek sms-ini ugratjak. Söýgä gelmediler, hiç bolmanda imana gelsinler🥴
***
Hakykatlar ajydyr diýýäler. Şokolat bolsa süýji. Onda şokolad hakyky däl🥴
***
Kölegämi iñ ýakyn dosdumdyr öýderdim. Aslynda mejbur bolany üçin gezýän eken meñ bilen🥴
***
Bir oglan söýgülisine jañ edende gyz almasa, "Işi bardyr, alyp bilendäldir" diýer. Gyz jañ edende oglan almasa, "Görübem jañ almady haýwan" diýer🥴
***
Häzirki oglanlaryñ ýüregine gidýän ýol, telefonyndan geçýär🥴
***
Iñ uly sungat, elleriñ ýagly bolsa-da tv pultyny ýaglamazdan ýazybilmekdir. Hemmämiz şol sungatyñ ussady🥴
***
Biri eline gül alyp ütüp otyr "söýýär, söýenok". Haý akmak, gül nirden bilsin diýsene🥴
***
Daşary ýurtlaryñ oglanlary kosmasdan sputniklere gözegçilik edýär. Biziñkiler külüni gaçyrman çilim çekibilmäñ ugrynda🥴
***
Elimde ýapon kleýi bar. Ýabşyrmaga ýapon ýok🥴
***
Tok öçenden soñ, klýuçatyly öçürüp-ýakyp oýnandan soñ "Aý, indi açyk galdymy ýa öçükmi" diýp oýlap beýnim ýarylýar🥴
***
Käwagt şeýlebir içim gysýar welin, boş jaýyñ gapysyny açyp "Ohooo kimler ýok eken" diýýän🥴
***
Iliñ oglanlary agzy bilen guş tutýar. Biziñ tutan guşymyz agzymyza sy*ar🥴
***
Hemme gyzlar bir ýere seredýän bolsa, şol ýerde ýa skidka bardyr, ýa-da men geçip barýandyryn😏
***
Eger bir gyzyñ suratlary bilden ýokary bolsa boýy gysga, omzundan ýokarda bolsa semiz, diñe gözleri bar bolsa onda gaçyñ🥴
***
Eý Allahym! Her zada aýratyn gözellik, ynsanlara düşünje, akyl pikir beripsiñ welin, näme üçin şuwagtky okap otyran guluñy unutdyñ🥴
39
237
efsane_tm
13.04.2024 00:03
Kiçijik oglanjykdan ullakan ders

Adalaty bilen meşhur Hz. Omar r.a. azanyñ aýdylyp başlanmagy bilen metjide ugrap barýardy. Arkasyndan gelýän oglanjyk Hz. Omaryñ r.a. deñinden tiz ýöräp geçip barýardy. Hz Omar r.a. oglanjygyñ näme sebäpden beýle howlykýandygyna gyzyklandy. "Bir derdi, meselesi barmyka?" diýip içini gürletdi. Çaltjak yzyndan ýetip:
— Oglum, eglikmi? Nirä howlugyp ýetişibilmän barýarsyñ? -diýip sorady.
Hz. Omary r.a. tanamaýan oglanjyk:
— Metjide barýan daýy -diýip jogap berdi.
Hz. Omar r.a. geñ galypdy. Sebäbi oglanjyk häli juda kiçijekdi. Hz. Omar r.a. haýranlygyny gizlemezden oglanjyga şeýle diýdi:
— Oglum, sen entek kiçijeg-ä. Namaz saña parz däl, howlykmagyña gerek ýog-a.
Hz. Omaryñ r.a. bu sözlerine goşulmaýanyny bildiren oglanjyk şeýle jogap gaýtardy:
— Daýy, daýy. Bu işiñ ulusy kiçisi bolmaz. Mähellämizde häli düýn bir çaga öldi. Üstesine ol menden has-da kiçidi. Ölüm diýilýän hakykat uly - kiçini aýyranok. Şol sebäpden her ýaşda muña taýýar bolmak gerek. Onsañam bu ýaşdan namaza öwrenişmesem, ulalanymdan soñ kyn düşmegi mümkin.

"Çyndanam ölüm uly - kiçini aýyrmaz. Şol sebäpden amallarymyzy häzir öljekmişik ýaly etmegimiz gerek".
25
103
efsane_tm
11.04.2024 14:11
Odunçylyk bilen gün görýän bir kişi bardy. Allaha garşy gulluk wezipelerini bir kemsiz edip, hiçkime ýamanlygy degmezdi. Bu odunçynyñ ýaşaýan obasynyñ golaýynda ýene bir oba bar eken. Ol obañ adamlary dagdaky keramatly diýp ynanýan agajyna çokunyp, şondan medet tama edýän ekenler.
Odunçy bir gün: "Şularyñ Hudaý diýp çokunýan agajyny çapyp odun edeýin, bazarda satyp çörek pul gazanaýyn. Şeýlelikde bir kowmy Allanyñ gazabyndan halas ederin" -diýp oýlanyp, Allanyñ ryzasy üçin agajy çapmaga bardy.
Şol gidişine daga ýetende öñünden eýmenji keşpde biri çykyp, odunçydan nirä barýanyny sorady. Odunçy:
— Halkyñ Allaha ysýan edip Hak diýp çokunýan agajyny çapmaga barýan -diýdi. Eýmenji odunça garap:
— Men şeýtandyryn.. Ol agajy çapmagyña rugsat bermerin -diýende odunçynyñ gahary geldi.
Öldürmek üçin hüjüm etdi we şeytany ýere ýatyrdy we gursagyna münüp hanjaryny bogazyna daýady.
Şeýtan odunça:
— Eý odunçy, sen meni öldüribilmersiñ. Alla maña kyýamata çenli möhlet berdi. Emma, gel sen şu agajy çapma, ikimiz düşünşeli. Men saña her gün bir altyn bereýin, sen bolsa agajy çapmarsyñ. Hem aslynda iller agaja çokunýarmyş, günä girýärmişler, mundan saña nä? Altynyñy al işiñe etde gez -diýdi.
Odunçy şeýtany goyberdi. Şeýtan odunça agşam ýatyp azanda irden turanda ýassygynyñ astyna seretmegini aýtdy we ylalyşyp aýryldylar.
Odunçy agajy çapmakdan ýüz öwürip, öýüne gaýdypdy. Agşam ýatyp irden turup ýastygynyñ astyna seredende altyny gördi. Hoşal bolupdy. Ikinji gün seretdi emma altyn ýokdy. Odunçy gazaplanyp, paltasyny daga agajy çapmaga gitdi. Ýene bu gezegem ýolda şeýtana duşdy. Odunçy şeýtana garşy gazaplydy. Gören badyna:
— Ah sen ýalançy, sen aldadyñmy meni? Gör bakaly indi sen -diýp, şeýtana topuldy.
Emma öñki gezegiñ tersine, şeýtan adamy ýykyp gursagyna mündi. Odunçy geñ galdy. Bu nädip beýle boldy diýen ýaly haýranlyk bilen şeýtana seretdi. Şeýtan:
— Haýran galdyñmy? Näme üçin maña ýeñileniñ sebäbini aýdaýyn. Düýn sen Alla ryzasy üçin agajy çapmaga gelipdiñ. Şol wagt men däl, dünýädäki hemme şeýtan gelse-de seni saklap bilmezdiler. Emma sen Alla ryzasy üçin däl-de altyny bermänligim sebäpli gaharlananyñ üçin agajy çapmaga barýarsyñ. Ine, şol sebäpden maña ýeñildiñ. Indi bolsa asla seniñ agajy çapmagyña ýol bermerin -diýdi we odunçynyñ elindäki paltasy bilen odunçyny öldürdi.
32
101
efsane_tm
10.04.2024 15:26
Duýgular goşgy ýaz diýip,
Zol yrsaraýar.
Kellede sowuk pikirler gar deý syraýar,
İçimdäki "men" bolsa,
Şahyrsyraýar.

Ýok, han ogul,
Hetdiňi bil, wagt kän entek!
Hazir ruhuň agsak,
Galamyň peltek.

Tutup bileňok mäkäm,
Içiňdäki içýany.
Aňzak pikirleri eredenok ýüregiň.
Sebäbi, ýanýar ol alys obada,
Gazy haýal barýan peç ýaly.

Arman, howluda güýz bar, çyg çeken baglar...
Oktýabr!
Bolmasa ýazmazdym,
Irden ýagyş ýagdy, häzir ikindi.
Goňşulara nana çagyrja,
Gidip barýan täze gelin dek,
Guşlaryň sesleri şaňňyrdaýar daşarda.

Nähili bolýar?!
...Ýa maňa hemme zat aýan,
Ýa men bu dünýäden ýadyrgaýan.

31.10.22

© Musa ÝUSUP
25
70
efsane_tm
09.04.2024 12:46
ÝAZYLMADYK GÜN

Ýüregim gury agyrýar,
Ýöne ertir däl, hut häzir,
Ýagyş ýagýar,
Gözlemden.

Seňrikden agýar,
Dolup-daşdy sabyr käsäm!
Ýitirdim kelebiň ujun,
Ýaşap ýörün äm-säm.

Goşgy ýazan boldum, ine,
Gitmesin diýip bu günem,
Hiç zat ýazmadyk,
Günlerimiň arhiwine.

noýabr, 2021

© Musa ÝUSUP
27
51
efsane_tm
08.04.2024 10:28
Dertdeşim şemal

Ýene-de öwüsýär bahar şemaly,
Begenýän, derdimi uçurýan ýaly.
Şemala bakyp saña seslenýän,
Göýä owazymy ýetirjek ýaly.

Seslenýän şemala nalyşym aýdyp,
Küýsegimi saña ýetirer öýdüp.
Gowuşarmyka hasratym saña,
Gelermikä seniñ jogabyñ gaýdyp?!

Pyşyrdap şemala aýdýan adyñy,
Kä-te seslenýän belent owazly.
Bar sesim bilen gygyrsam göýä,
Şemal sesimi ýetirjek ýaly.

Uçýan şemalda, seniñ ýanyña,
Sergin şemaly goýnuma guçup.
(Birdenem şemal ýataýsa näme?)
Oýanýaryn hyýalymdan tisginip.

Diñ salýan şemala, emma jogap ýok,
Şuw.. Şuww.. Şuwww.. başga nama ýok.
Seni söýmekden ýadamaryn hiç,
Çünki umydym entek sönenok.


© Ömürdag Tagandurdyýew.
24
51