Dertdeşim şemal
Ýene-de öwüsýär bahar şemaly,
Begenýän, derdimi uçurýan ýaly.
Şemala bakyp saña seslenýän,
Göýä owazymy ýetirjek ýaly.
Seslenýän şemala nalyşym aýdyp,
Küýsegimi saña ýetirer öýdüp.
Gowuşarmyka hasratym saña,
Gelermikä seniñ jogabyñ gaýdyp?!
Pyşyrdap şemala aýdýan adyñy,
Kä-te seslenýän belent owazly.
Bar sesim bilen gygyrsam göýä,
Şemal sesimi ýetirjek ýaly.
Uçýan şemalda, seniñ ýanyña,
Sergin şemaly goýnuma guçup.
(Birdenem şemal ýataýsa näme?)
Oýanýaryn hyýalymdan tisginip.
Diñ salýan şemala, emma jogap ýok,
Şuw.. Şuww.. Şuwww.. başga nama ýok.
Seni söýmekden ýadamaryn hiç,
Çünki umydym entek sönenok.
© Ömürdag Tagandurdyýew.