Kiçijik oglanjykdan ullakan ders
Adalaty bilen meşhur Hz. Omar r.a. azanyñ aýdylyp başlanmagy bilen metjide ugrap barýardy. Arkasyndan gelýän oglanjyk Hz. Omaryñ r.a. deñinden tiz ýöräp geçip barýardy. Hz Omar r.a. oglanjygyñ näme sebäpden beýle howlykýandygyna gyzyklandy. "Bir derdi, meselesi barmyka?" diýip içini gürletdi. Çaltjak yzyndan ýetip:
— Oglum, eglikmi? Nirä howlugyp ýetişibilmän barýarsyñ? -diýip sorady.
Hz. Omary r.a. tanamaýan oglanjyk:
— Metjide barýan daýy -diýip jogap berdi.
Hz. Omar r.a. geñ galypdy. Sebäbi oglanjyk häli juda kiçijekdi. Hz. Omar r.a. haýranlygyny gizlemezden oglanjyga şeýle diýdi:
— Oglum, sen entek kiçijeg-ä. Namaz saña parz däl, howlykmagyña gerek ýog-a.
Hz. Omaryñ r.a. bu sözlerine goşulmaýanyny bildiren oglanjyk şeýle jogap gaýtardy:
— Daýy, daýy. Bu işiñ ulusy kiçisi bolmaz. Mähellämizde häli düýn bir çaga öldi. Üstesine ol menden has-da kiçidi. Ölüm diýilýän hakykat uly - kiçini aýyranok. Şol sebäpden her ýaşda muña taýýar bolmak gerek. Onsañam bu ýaşdan namaza öwrenişmesem, ulalanymdan soñ kyn düşmegi mümkin.
"Çyndanam ölüm uly - kiçini aýyrmaz. Şol sebäpden amallarymyzy häzir öljekmişik ýaly etmegimiz gerek".