Duýgular goşgy ýaz diýip,
Zol yrsaraýar.
Kellede sowuk pikirler gar deý syraýar,
İçimdäki "men" bolsa,
Şahyrsyraýar.
Ýok, han ogul,
Hetdiňi bil, wagt kän entek!
Hazir ruhuň agsak,
Galamyň peltek.
Tutup bileňok mäkäm,
Içiňdäki içýany.
Aňzak pikirleri eredenok ýüregiň.
Sebäbi, ýanýar ol alys obada,
Gazy haýal barýan peç ýaly.
Arman, howluda güýz bar, çyg çeken baglar...
Oktýabr!
Bolmasa ýazmazdym,
Irden ýagyş ýagdy, häzir ikindi.
Goňşulara nana çagyrja,
Gidip barýan täze gelin dek,
Guşlaryň sesleri şaňňyrdaýar daşarda.
Nähili bolýar?!
...Ýa maňa hemme zat aýan,
Ýa men bu dünýäden ýadyrgaýan.
31.10.22
© Musa ÝUSUP