efsane_tm
11.04.2024 14:11
Odunçylyk bilen gün görýän bir kişi bardy. Allaha garşy gulluk wezipelerini bir kemsiz edip, hiçkime ýamanlygy degmezdi. Bu odunçynyñ ýaşaýan obasynyñ golaýynda ýene bir oba bar eken. Ol obañ adamlary dagdaky keramatly diýp ynanýan agajyna çokunyp, şondan medet tama edýän ekenler.
Odunçy bir gün: "Şularyñ Hudaý diýp çokunýan agajyny çapyp odun edeýin, bazarda satyp çörek pul gazanaýyn. Şeýlelikde bir kowmy Allanyñ gazabyndan halas ederin" -diýp oýlanyp, Allanyñ ryzasy üçin agajy çapmaga bardy.
Şol gidişine daga ýetende öñünden eýmenji keşpde biri çykyp, odunçydan nirä barýanyny sorady. Odunçy:
— Halkyñ Allaha ysýan edip Hak diýp çokunýan agajyny çapmaga barýan -diýdi. Eýmenji odunça garap:
— Men şeýtandyryn.. Ol agajy çapmagyña rugsat bermerin -diýende odunçynyñ gahary geldi.
Öldürmek üçin hüjüm etdi we şeytany ýere ýatyrdy we gursagyna münüp hanjaryny bogazyna daýady.
Şeýtan odunça:
— Eý odunçy, sen meni öldüribilmersiñ. Alla maña kyýamata çenli möhlet berdi. Emma, gel sen şu agajy çapma, ikimiz düşünşeli. Men saña her gün bir altyn bereýin, sen bolsa agajy çapmarsyñ. Hem aslynda iller agaja çokunýarmyş, günä girýärmişler, mundan saña nä? Altynyñy al işiñe etde gez -diýdi.
Odunçy şeýtany goyberdi. Şeýtan odunça agşam ýatyp azanda irden turanda ýassygynyñ astyna seretmegini aýtdy we ylalyşyp aýryldylar.
Odunçy agajy çapmakdan ýüz öwürip, öýüne gaýdypdy. Agşam ýatyp irden turup ýastygynyñ astyna seredende altyny gördi. Hoşal bolupdy. Ikinji gün seretdi emma altyn ýokdy. Odunçy gazaplanyp, paltasyny daga agajy çapmaga gitdi. Ýene bu gezegem ýolda şeýtana duşdy. Odunçy şeýtana garşy gazaplydy. Gören badyna:
— Ah sen ýalançy, sen aldadyñmy meni? Gör bakaly indi sen -diýp, şeýtana topuldy.
Emma öñki gezegiñ tersine, şeýtan adamy ýykyp gursagyna mündi. Odunçy geñ galdy. Bu nädip beýle boldy diýen ýaly haýranlyk bilen şeýtana seretdi. Şeýtan:
— Haýran galdyñmy? Näme üçin maña ýeñileniñ sebäbini aýdaýyn. Düýn sen Alla ryzasy üçin agajy çapmaga gelipdiñ. Şol wagt men däl, dünýädäki hemme şeýtan gelse-de seni saklap bilmezdiler. Emma sen Alla ryzasy üçin däl-de altyny bermänligim sebäpli gaharlananyñ üçin agajy çapmaga barýarsyñ. Ine, şol sebäpden maña ýeñildiñ. Indi bolsa asla seniñ agajy çapmagyña ýol bermerin -diýdi we odunçynyñ elindäki paltasy bilen odunçyny öldürdi.
32
101
💫Umudum
13 Aprel 2024
@efsane_tm, bolia janyn saglygy👍
efsane_tm
11 Aprel 2024
@smiling_, hawwa yone men kinosyny gormankam hekayasyny okapdym.. waleykimesalam yamandal ozun gowmy
efsane_tm
11 Aprel 2024
@smiling_, kanal 7-denmi))
efsane_tm
11 Aprel 2024
@💫Umudum, goşgy yazamaga hichili:(
ideallider
11 Aprel 2024
@geldiyevna, aý menä kitaplardaky we golýazmalardaky ýazgylara üns beräýýän, şolar boýunça hereket edäýýän.
💫Umudum
11 Aprel 2024
Menin hayyşym nahili boldy
ideallider
11 Aprel 2024
"Ilden çyksaňam, dinden çykma" şeýtany öldürip bolanok, emma öler-derejede kösäp bolýar.👍
sahero
11 Aprel 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.