diktr
25.10.2023 15:14

öz zadyñyzyñ gadryny bilmek üçin suny hokman okañ....

24
117
diktr
24.10.2023 08:33

Transfermarkt internet portaly Telegram kanalynda dünýäniň iň gymmat hüjümçileriniň sanawyny çap etdi.

Sanawda birinji orny «Mançester Sitiniň» norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand eýeledi. Norwegiýaly oýunçy bilen birinji ýeri fransuz “PSŽ-siniň” oýunçysy Kilian Mbappe paýlaşdy. Ilkinji üçlügi Madridiň “Realyndan” Winisius Žunior (150 million ýewro) jemledi.

Holand geçen möwsümde «Mançester Sitiniň» iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ol 52 oýuna gatnaşyp, 52 pökgi geçirmegi we ähli ýaryşlarda dokuz gezek netijeli pas bermegi başardy. Bu norwegiýaly oýunçynyň Angliýanyň premýer-ligasyndaky (EPL) ilkinji möwsümi bolandygyny bellemelidiris.

Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) wersiýasyna görä, 31-nji awgustda norwegiýaly hüjümçi ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.

Ýokary liganyň indiki tapgyrynda “Mançester Siti” “Mançester Ýunaýted” bilen oýnar. Duşuşyk 29-njy oktýabrda bolar.

19
45
diktr
23.10.2023 00:39

Abu-Dabide geçirilen UFC 294 ýaryşynyň esasy tutluşyklarynyň birinde orta agram derejesinde (84 kg çenli) Hamzat Çimaýew Kamaru Usman bilen tutluşdy. Eminleriň aglabasynyň karary bilen Hamzat Çimaýew ýeňiş gazandy.

Birinji raundda Hamzat Çimaýew görnetine artykmaçlyk bilen çykyş etdi we birnäçe gezek Usmany kanwasa aldy. Ikinji raundyň aglaba bölegini söweşijiler aýak üstünde urgulary alyşdylar. Raundyň ahyrynda Çimaýew tutluşygy ýene-de partere geçirdi. Üçünji raundyň ýarysyny hem Usman bilen Çimaýew aýak üstünde söweşdiler.


Garyşyk söweşiň russiýaly wekili Islam Mahaçew şenbe güni Abu-Dabide geçirilen UFC 294 ýaryşynyň esasy tutluşygynda awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskiden üstün çykdy. Mahaçew garşydaşyny birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.

Birinji raundyň ortalarynda garşydaşlar birek-birege urgulary ýagdyryp başladylar, emma awstraliýaly türgen kellesine Mahaçewiň aýak urgusy netijesinde ýere düşdi.

Netijede Mahaçew urgularyny yzly-yzyna ýagdyrmaga başlady we emin söweşi saklady. Mahaçew ikinji gezek Wolkanowskini ýeňip, yzly-yzyna 13-nji ýeňşini gazandy we ikinji gezek ýeňil agramda çempion guşagyny gorady. Jemi onuň hasabynda 25 ýeňiş we bir ýeňliş bar.

Wolkanowskide 26 ýeňiş we üç ýeňliş bar

13
42
diktr
22.10.2023 15:23

Özbegistanyň Jizak oblastynyň daýhany bir gektardan 150 tonna sogan hasyly almagy başardy. Şeýlelikde, ol bu oba hojalyk ekininiň hasyllylygy boýunça rekord goýdy.

Özbegistanyň Oba hojalygy ministrliginiň habar bermegine görä, häzirki wagtda dünýäde 4,5 million gektarda 92,1 million tonna sogan öndürilýär. Şunuň bilen baglylykda, bir gektaryň hasyllygy 19,3 tonna deňdir. Sogan önümçiliginde Hytaý, Hindistan, ABŞ we Eýran öňdebaryjy ýurtlardyr.

Özbegistanda hem daýhanlar täze ýokary hasylly soganyň sortlaryny ekip, ýokayr hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. Şeýle hem oba hojalygynda tohumlary ýetişdirmegiň tehnologiýasy kämilleşdirilip, damjalaýyn suwarmak tehnologiýasyndan işjeň peýdalanýarlar.

Jizak oblasytynyň Zaamin etrabynyň Çorwador obasynyň daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Bahtiýor Mirzaýewiň bir gektardan 150 tonna sogan hasylyny alyp, rekord goýandygy bellenildi. Bu barada Özbegistanyň Oba hojalyk ministrligi habar berdi.

Özbek daýhany bu gazanylan üstünlik bilen çäklenmän, geljek ýyl alymlar bilen bilelikde bir gektardan 160 tonna sogan hasylyny almak isleýändigini belledi. Ol geljek 3 ýylda bir gektaryň hasyllylygyny 200 tonna çykarmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

23
119
diktr
21.10.2023 01:17

Los Angeles Times gazetiniň habaryna görä, futbolçy Lionel Messiniň Amerikanyň “Inter Maýami”-sindäki resmi aýlygy belli boldy.

Lionel Messiniň “Inter Maýami” bilen baglaşan şertnamasyna görä, oňa 12 million dollar (11,3 million ýewro) we kepillendirilen öwezini dolmak üçin 20,4 million dollar (19,3 million ýewro) tölener.

Adidas we Fanatics sport eşiklerini öndüriji, Apple TV-niň MLS Season Pass hyzmatyna abuna ýazylyşygynyň satuwynyň paýy we topardaky paýy Messiniň ýyllyk girdejisini 50-60 million dollara (47,4-56,9 million ýewro) ýetirer diýlip garaşylýar.

Messiden öň MLS-iň taryhynda iň köp aýlyk alan oýunçy esasy aýlygy 7,5 million dollar (7,1 million ýewro) we kepillendirilen aýlygy ýylda 15,4 million dollar (14,6 million ýewro) bolan “Toronto”-dan Lorenso Insinýe bolupdy.

Messiniň “Barselona”-daky öňki topardaşlary Žordi Albanyň we Serhio Busketsiň “Inter” bilen ep-esli pul möçberinde şertnama baglaşandygyny ýatladýarys. Albanyň esasy aýlygy 1 million dollar (8 948k) we 1,25 million dollar (€ 1,18 million) möçberinde kepillendirilen öwez puluny alýar, Busketsiň ýyllyk girdejisi degişlilikde 1,5 million dollar ( 1,42 million ýewro) we 1,775 million dollar (1,683 million ýewro).

Messiniň gol çekişmegi “Inter Maýami”-ni 39,4 million dollar (37,3 million ýewro) bilen aýlyk haklary babatynda liganyň başyna çykardy.

22
37
diktr
20.10.2023 00:32

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama oýnunda Perunyň derwezesine iki gol geçirdi. Duşuşyk häzirki dünýä çempionlarynyň 2:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy. Netijede, Messi Günorta Amerikanyň saýlama ýaryşlarynda gol sany boýunça rekord eýesi boldy. Oýunçy milli topar üçin 31 gol geçirdi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Öňki rekord Urugwaýyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Luis Suarese degişlidi, onuň hasabynda 29 gol bar.

Argentina dört oýundan soň 12 utuk bilen toparçada birinji orny eýeleýär.

2022-nji ýylyň dekabr aýynda Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony boldy. Finalda onuň topary Fransiýany penalti tapgyrynda utdy. Hüjümçiniň özi iki gol geçirdi.

17
68
diktr
19.10.2023 00:08

Fransiýa, Portugaliýa we Belgiýanyň ýygyndylary 2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Häzirki wagtda bu ýaryş üçin saýlama duşuşyklary geçirilýär.

Fransiýanyň ýygyndysy Ýewro-2024 çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Niderlandlaryň ýygyndysyny 2:1 hasabynda utup, “B” toparçasynda utuklarynyň sanyny 18-e ýetirdi we çempionata gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Duşuşygyň 2 goluny hem Kilian Mbappe öz adyna ýazyrdy.

Şeýle hem Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga Portugaliýanyň we Belgiýanyň ýygyndylary hukuk gazandy. Portugallar öz meýdançasynda Slowakiýany 3:2 hasabynda utdy. Bu duşuşykda 2 gol geçiren portugal ýyldyz Ronaldo milli ýygyndy bilen 200-nji duşuşygyna gatnaşyp, 125 goluny geçirdi.

Portugaliýa we Belgiýa degişlilikde “J” we “F” toparçalarynda birinji orny eýeleýär we mundan soňra 2-nji orundan aşak düşmek mümkinçiligi ýokdur.

Şeýlelikde, Fransiýa, Portugaliýa we Belgiýanyň ýygyndylary ilkinjiler bolup, Ýewropa çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Ýewropa çempionaty geljek ýylyň 14-nji iýuny-14-nji iýuly aralygynda Germaniýada geçiriler.

16
126
diktr
18.10.2023 23:40

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu ýylyň iň gowy bombardirleriniň sanawynda birinji orny eýeledi.

38 ýaşly oýunçy Bosniýa we Gersegowinanyň milli topary bilen oýunda iki gol geçirip, 2023-nji ýylyň başyndan bäri klub we milli topar üçin 40 gol görkezijisine ýetdi. Şeýlelik bilen, Ronaldu hasabynda 39 gol bolan “Mançester Sitiniň” we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Erling Holanddan öňe geçmegi başardy.

16-njy oktýabrda Portugaliýa Ýewro-2024-üň saýlama tapgyrynyň J toparçasynyň 8-nji tapgyr oýnunda Bosniýa we Gersegowinany 5:0 hasabynda utdy. Topar saýlama tapgyrynyň sekiz oýnunyň sekizisinde-de ýeňiş gazandy. Häzire çenli umumy gol tapawudy – 32:2.

Saýlama tapgyrynyň indiki oýnuny Portugaliýa 16-njy noýabrda, penşenbe güni geçirer. Martinesiň topary Lihtenşteýn bilen duşuşar.

17
108
diktr
17.10.2023 13:20

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu Ýewro-2024 çempionatynyň saýlama ýaryşynyň çäklerinde Slowakiýa bilen bolan duşuşykda dubl etmegi başardy. Indi 38 ýaşly Ronaldu milli ýygyndy toparlaryň düzüminde iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň sanawynda eýranly Ali Daýeiden 17, argentinaly Lionel Messiden 21 pökgi öňde barýar. Şeýlelikde, ol taryhda ilkinji bolup milli ýygyndyda 125 pökgi geçirmegi başaran futbolçy boldy.

Ronaldu 29-njy minutda penalti urgusyny dürs ýerine ýetirdi, 72-nji minutda bolsa pökgini derwezä girizdi. Portugaliýalylar 3:2 hasabynda ýeňiş gazandylar we Germaniýada geçiriljek Ýewro-2024-e gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji toparlaryň biri boldular. Fransiýa we Belgiýanyň toparlary hem şeýle netije gazandylar.

Şeýle hem Ronaldu penalti urgularyny hasaba almazdan, karýerasyndaky 700-nji pökgüsini tora girizdi. Onuň jemi 857 goly bar.

25
120
diktr
16.10.2023 11:42

Madridiň “Realynyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Iker Kasilýas dünýäniň iň güýçli derwezebanlarynyaýtdy.


“Kurtua häzirki wagtda, şikes alandygyna garamazdan, iň güýçli derwezebandyr. Soňra Oblak, Ter Ştegen we Kepa gelýär. Käbirleri Kepany tankytlaýarlar, ýöne ol ökde derwezeban. Kurtua degjek başga birini tapmak aňsat däl "- diýip, La Gazetta dello Sport Kasilýasyň sözlerini getirýär.


Şu ýylyň awgust aýynda Kurtuanyň çep dyzynyň öň tarapky haç görnüşli bognunyň üzülendigini ýatladýarys. Şondan soň “Real” möwsümiň ahyryna çenli “Çelsi”-den Kepany kärendesine aldy.

Iker Kasilýas Ispaniýanyň bäş gezek çempiony, Çempionlar ligasynyň üç gezek ýeňijisi, 2010-njy ýylyň dünýä çempionatynda hem-de 2008-nji we 2012-nji ýyllaryň Ýewropa çempionatynyň ýeňijisi. 2020-nji ýylyň 4-nji awgustynda ispan oýunçysy ýürek näsazlyklary sebäpli karýerasyny tamamlady. Futbolçy karýerasynyň dowamynda Madridiň “Real”-ynda we “Portu”-da oýnady.

20
96