diktr
24.10.2023 08:33

Transfermarkt internet portaly Telegram kanalynda dünýäniň iň gymmat hüjümçileriniň sanawyny çap etdi.

Sanawda birinji orny «Mançester Sitiniň» norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand eýeledi. Norwegiýaly oýunçy bilen birinji ýeri fransuz “PSŽ-siniň” oýunçysy Kilian Mbappe paýlaşdy. Ilkinji üçlügi Madridiň “Realyndan” Winisius Žunior (150 million ýewro) jemledi.

Holand geçen möwsümde «Mançester Sitiniň» iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ol 52 oýuna gatnaşyp, 52 pökgi geçirmegi we ähli ýaryşlarda dokuz gezek netijeli pas bermegi başardy. Bu norwegiýaly oýunçynyň Angliýanyň premýer-ligasyndaky (EPL) ilkinji möwsümi bolandygyny bellemelidiris.

Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) wersiýasyna görä, 31-nji awgustda norwegiýaly hüjümçi ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.

Ýokary liganyň indiki tapgyrynda “Mançester Siti” “Mançester Ýunaýted” bilen oýnar. Duşuşyk 29-njy oktýabrda bolar.

19
45
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.