diktr
16.10.2023 11:42

Madridiň “Realynyň” we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Iker Kasilýas dünýäniň iň güýçli derwezebanlarynyaýtdy.


“Kurtua häzirki wagtda, şikes alandygyna garamazdan, iň güýçli derwezebandyr. Soňra Oblak, Ter Ştegen we Kepa gelýär. Käbirleri Kepany tankytlaýarlar, ýöne ol ökde derwezeban. Kurtua degjek başga birini tapmak aňsat däl "- diýip, La Gazetta dello Sport Kasilýasyň sözlerini getirýär.


Şu ýylyň awgust aýynda Kurtuanyň çep dyzynyň öň tarapky haç görnüşli bognunyň üzülendigini ýatladýarys. Şondan soň “Real” möwsümiň ahyryna çenli “Çelsi”-den Kepany kärendesine aldy.

Iker Kasilýas Ispaniýanyň bäş gezek çempiony, Çempionlar ligasynyň üç gezek ýeňijisi, 2010-njy ýylyň dünýä çempionatynda hem-de 2008-nji we 2012-nji ýyllaryň Ýewropa çempionatynyň ýeňijisi. 2020-nji ýylyň 4-nji awgustynda ispan oýunçysy ýürek näsazlyklary sebäpli karýerasyny tamamlady. Futbolçy karýerasynyň dowamynda Madridiň “Real”-ynda we “Portu”-da oýnady.

20
96
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.