diktr
19.10.2023 00:08

Fransiýa, Portugaliýa we Belgiýanyň ýygyndylary 2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Häzirki wagtda bu ýaryş üçin saýlama duşuşyklary geçirilýär.

Fransiýanyň ýygyndysy Ýewro-2024 çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Niderlandlaryň ýygyndysyny 2:1 hasabynda utup, “B” toparçasynda utuklarynyň sanyny 18-e ýetirdi we çempionata gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Duşuşygyň 2 goluny hem Kilian Mbappe öz adyna ýazyrdy.

Şeýle hem Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga Portugaliýanyň we Belgiýanyň ýygyndylary hukuk gazandy. Portugallar öz meýdançasynda Slowakiýany 3:2 hasabynda utdy. Bu duşuşykda 2 gol geçiren portugal ýyldyz Ronaldo milli ýygyndy bilen 200-nji duşuşygyna gatnaşyp, 125 goluny geçirdi.

Portugaliýa we Belgiýa degişlilikde “J” we “F” toparçalarynda birinji orny eýeleýär we mundan soňra 2-nji orundan aşak düşmek mümkinçiligi ýokdur.

Şeýlelikde, Fransiýa, Portugaliýa we Belgiýanyň ýygyndylary ilkinjiler bolup, Ýewropa çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Ýewropa çempionaty geljek ýylyň 14-nji iýuny-14-nji iýuly aralygynda Germaniýada geçiriler.

16
126
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.