diktr
17.10.2023 13:20

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu Ýewro-2024 çempionatynyň saýlama ýaryşynyň çäklerinde Slowakiýa bilen bolan duşuşykda dubl etmegi başardy. Indi 38 ýaşly Ronaldu milli ýygyndy toparlaryň düzüminde iň köp pökgi geçiren oýunçylaryň sanawynda eýranly Ali Daýeiden 17, argentinaly Lionel Messiden 21 pökgi öňde barýar. Şeýlelikde, ol taryhda ilkinji bolup milli ýygyndyda 125 pökgi geçirmegi başaran futbolçy boldy.

Ronaldu 29-njy minutda penalti urgusyny dürs ýerine ýetirdi, 72-nji minutda bolsa pökgini derwezä girizdi. Portugaliýalylar 3:2 hasabynda ýeňiş gazandylar we Germaniýada geçiriljek Ýewro-2024-e gatnaşmaga hukuk gazanan ilkinji toparlaryň biri boldular. Fransiýa we Belgiýanyň toparlary hem şeýle netije gazandylar.

Şeýle hem Ronaldu penalti urgularyny hasaba almazdan, karýerasyndaky 700-nji pökgüsini tora girizdi. Onuň jemi 857 goly bar.

25
120
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.