diktr
23.10.2023 00:39

Abu-Dabide geçirilen UFC 294 ýaryşynyň esasy tutluşyklarynyň birinde orta agram derejesinde (84 kg çenli) Hamzat Çimaýew Kamaru Usman bilen tutluşdy. Eminleriň aglabasynyň karary bilen Hamzat Çimaýew ýeňiş gazandy.

Birinji raundda Hamzat Çimaýew görnetine artykmaçlyk bilen çykyş etdi we birnäçe gezek Usmany kanwasa aldy. Ikinji raundyň aglaba bölegini söweşijiler aýak üstünde urgulary alyşdylar. Raundyň ahyrynda Çimaýew tutluşygy ýene-de partere geçirdi. Üçünji raundyň ýarysyny hem Usman bilen Çimaýew aýak üstünde söweşdiler.


Garyşyk söweşiň russiýaly wekili Islam Mahaçew şenbe güni Abu-Dabide geçirilen UFC 294 ýaryşynyň esasy tutluşygynda awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskiden üstün çykdy. Mahaçew garşydaşyny birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.

Birinji raundyň ortalarynda garşydaşlar birek-birege urgulary ýagdyryp başladylar, emma awstraliýaly türgen kellesine Mahaçewiň aýak urgusy netijesinde ýere düşdi.

Netijede Mahaçew urgularyny yzly-yzyna ýagdyrmaga başlady we emin söweşi saklady. Mahaçew ikinji gezek Wolkanowskini ýeňip, yzly-yzyna 13-nji ýeňşini gazandy we ikinji gezek ýeňil agramda çempion guşagyny gorady. Jemi onuň hasabynda 25 ýeňiş we bir ýeňliş bar.

Wolkanowskide 26 ýeňiş we üç ýeňliş bar

13
42
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.