cilek
27.08.2023 10:38

Bir gün sorag berdim garry atama"Bäş günlük ýalançy"diýmeklik näme?


Atam gürrüň berdi bize howlukman

Hemişe şeýderdi göwnümiz ýykman


Adamzadyň ömri bolsada uzyn

Bäş güne bölüpdir danalar guzym


Dokuzuňy dolduryp ineňde dünýä

Ynha muňa birijni gün diýilýär


Ak mekdebe baryp bereňde salam

Bu seniň ikinji günüňdir balam


Ýigit çykyp,bolsa boýlaryň derek

Adama ýanýoldaş bir höwür gerek


Senem taýyň tapyp öýlenseň bir gün

Üçünji gün bolar muny bek bilgin


Dördünji günüňem ýat bekle balam

Eşidilen gün sesi kiçijik çagaň


Adamzadyň ömri sähelçe gündir

Demiň tükendimi bäşinji gündir

27
87
cilek
22.08.2023 18:23

Dilden-dile geçip,sözlenip gelýän,

Täsin rowaýaty edeýin beýan.


Gadym eýýamlarda heňňamlar aşyp,

Bir ýigit bir gyza bolupdyr aşyk.


Hüýre çalymdaşmyş ol näzenin gyz,

Saçlary gije dek,ýüzü hem gündiz.


Ala gözler garanynda her gezek,

Arzuwçyl ýigide gurupdyr duzak.


Kirpikleri sünjülipdir kalbyna,

Ýigit uçran yşgyň otdur ýalnyna.


Aýdypdyr şanyna müňlerçe gazal,

Emma söýgä ynanmandyr ol gözel.


Diýipdir:"Söýýäniň çyn bolsa meni,

Subut et söýgüňi,galmasyn kemi.


Berjaý edip bilseň ýeke şertimi,

Gümana esas ýok söýgim seňkidir".


Eýsem-de,delilik gerekmi söýgä?

Ýigit çümüp gitdi düşnüksiz duýga.


Serini säm eden pikir-oýlary,

Wadalaryň ummanyny boýlady.


Diýdi:"Isle diňe saňa bakaýyn,

Ýyldyzlary monjuk edip dakaýyn.


Isle,goparaýyn dagyň döşüni,

Isle,getireýin zümrüt daşyny.


Isleseň,bir ömür işläp-derleýip,

Tutuş ýer ýüzüni güle öwreýin.


Gyz aýtdy:"Bu wadalar boş gürrüň,

Meni ynandyrmak bar bolsa meýliň.


Söýgüm bolsa,elýetmeziň,geregiň,

Getirip ber eziz eneň ýüregin".


Aşyk ýigit oýa batdy,ýene kän:

"Bu sözlere neneň dili bardykan?


Enemi şert goýup gaty gidýändir, Ýazgarmaýyn,belkem,oýun edýändir".


Gyzyň gara gözlerine garady,

Gümany gözeliň gara çynydy.


Ýigit ol gözlere akyp eredi,

Iki söýgi serde darkaş gurady.


Ikisin terezä saldyka neneň?

Bir ýanda enesi bir ýanda gözel.


Ak süýdüni beren enesi dälmi?!

Başyn sypap ýören enesi dälmi?!


Enesi dälmidi aýazdan goran,

Gama batan çagy halyny soran?!


Enesi dälmidi dünýä indiren,

Ýykylan wagtynda ýerden galdyran?!


Bedenine ýara düşse em eden,

Soňsyz yssy mähir bilen sereden.


Deňemäge neneň çatdyka päli?!

Garnynda göteren enesi dälmi?!


"Yşkym ýalyn bolup,ýansa-da"entek,

Gözeller kän,enem welin ýeke-täk.


Diýýäýjek ýalydy,emma diýmedi.

Bu pikirler hyýalyna gelmedi.


Enä taý ýoklugy bolsa-da belli,

Gözeliň söýgisi has rüstem gelde.


Dillendi:"Diýeniň bolar,geregim,

Getirerin öz enemiň ýüregin".


Gözüni gapypdy söýgiň gymmaty.

Aşyk ýigit öýe baka ylgady.


Bogny ysmasada,ünji gaýgyly,

Sogrup aldy enesiniň kalbyny.


Gulagyna eşidildi elhenç gümmrüldi,

Gözel gyzyň ýanyna tarap ýüwrüldi.


Hamala diýýän dek,bu edýäniň galp,

Elde gürsüldeýär iň mukaddes kalp.


Ýoluna seretmän barýarka eňip,

Birden,daşa büdräp ýykyldy ýigit.


Şobada dillendi ýüregi enäň,

"Balam unjan ýeriň ýokdurda hernä".


Bu söz sena bolup dillerden-dile,

Asyrlardan ätläp, ýatipdir bize.


Rowaýat şu ýerde gutarýar tarpa,

Eýsem,yzyn bilmek zerurmy halka?!


Indi şol ýigidiň ýüzi gülermi?!

Enäni ynjydan bagtly bolarmy?!


Gözeliň ykbaly maňa näbelli,

Olam öz pälinden tapandyr belki.


Oňa diýjegim bar(aşsam-da çenden);

Enesinden geçen geçmezmi senden?!


Aslynda ýok bu gürrüňleriň geregi;

Esasy zat şol enäniň ýüregi.


Entek togtamandy entek durmandy,

Her uranda "BALAM"diýip urýardy.


Ogla käýemäge,haýbata derek,

Onuň aladasyn edýärdi ýürek.


Aýylgançlyk bilen dymmaga derek,

Oglunyň ahwalyn soraýar ýürek.


Hatda gursakda-da däl wagty,hergiz,

Eý,ene ýüregi,sen neneň eziz.

21
96
cilek
21.08.2023 23:07

Suratda näçe kişi bar?

22
150
cilek
17.08.2023 20:14

Kim kimden üýtgeşik,kim kimden artyk?

Aýby ýokdur donuň bolsa-da ýyrtyk,

Daşyna müň dürli hiläni serpip

Ýürekde kir saklan ýüzler utansyn.


Eklenjiň aýby ýok iş bolsa halal,

Rysgalyň Hak berse ýagşyňa ýarar.

Edebin,ekramyn saklanda aýal

Betniýetli bakan gözler utansyn.


Der dökesi gelmez mugdy halaýan.

Görüpler bar,ädimiňi sanaýan.

Belentligiň eteginde saýalan,

Dag gadryn bilmeýän düzler utansyn.


Gözlän tapar,ýürek bilen agtaryp.

Ussa çykmaz şägirt ýatsa ýaltanyp.

Käte dünýäň hilesine aldanyp,

Hudaýy unudýan"bizler"utansyn.

26
120
cilek
15.08.2023 17:09

ERBET ADAM ÝOKDUR,DIŇE ERBET BOLMAGA MEJBUR EDÝÄN ADAMLAR ÝA-DA SEBÄPLER BARDYR


....♡

35
104
cilek
12.08.2023 20:12

Gündiz gümra bolup haram işlere.

Agşam tarawada durany gördüm,

Garyp ölse ony bilmedik bolup

Baý ölse kowlynça durany gördüm.


Ömrüni geçirip keýpi sapada

Bu gün Jumadyrow diýenem gördüm.

Takwasyran bolup tahýa atyp kellä

Ýetimiň hakynam iýeni gördüm.

35
97
cilek
07.08.2023 08:54

Abigail we Brittani Hensel(1990),ABŞ-nyň Minnesota şäherinde ýaşaýan siýamly ekizler(uýalar).

Doganlar Abigail we Brittani Hensel,ekizler,fiziki taýdan galan bolsa-da,adaty bir doly durmuşda ýaşaýarlar.Olar bir göwre,iki eli,iki aýagy we üç öýkenli disefalik ekizler.Hersiniň öz ýüregi we aşgazany bar,ýöne olaryň arasyndaky gan üpjünçiligi umumydyr.Iki oňurga ýiliginiň soňky kiçi çanaklykda bir bolup gutarýar we biliň aşagyndaky ähli organlary umumydyr.Şeýle ekizler gaty seýrek.Ylmy arhiwde diňe dört jübüt disefalik ekizler hasaba alyndy.

21
123
cilek
05.08.2023 10:08

Ir bilen oýananyňda öňüňde iki sany ýol bar:

1.Ýa turup arzuwlaryň üçin zähmet çekersiň.

2.Ýa-da ukyňa dowam edip,arzuwlaryňy düşüňde görersiň.

25
114
cilek
04.08.2023 09:33

Daşyndan agyrrak görnen adamlar,

Ýakyndan seretseň ýeňiljek eken.

Men pula gyzamok,diýýän gyzlaram,

Jübüňi tersine çöwürjek eken.


Ýürekden söýüşmek azalan ýaly,

Hemme ýalan söýgä göwünjeň eken.

Hasap bilen ýöremeseň dostlukda,

Gatnaşyk köprüsi döwüljek eken.


Biraz puluň bolsa jübüňde häli,

Adyňam jan diýip tutuljak eken.

Pulsuzrak adamam gadyrsyz ýaly,

Köplükde bir gyra itiljek eken...

25
100
cilek
31.07.2023 08:06

Nämeden doýsaňam,dünýäden doýma,

Seň derdiňi,her gün dadanlar barka.

On teňňä,hiç zadam düşenok diýme,

Bir teňňeden arzan,adamlar barka.


Diri wagtyň durmuşuňdan utulma,

Hakyň almak üçin,hijem utanma,

Ýönekeý zatlary maksat tutunma,

Ýerden,aý üstüne ädenler barka.


Sözde many bolsun,şänikde maňyz,

Ynam bar ýerinde,ters akar deňiz,

Ýöne aňsat-aňsat ynam berkemez,

Entek,iki ýüzli nadanlar barka.


Akyl beýik zatdyr,seretmez ýaşa,

Beýik bol,adyňy daşa yaz,daşa,

Watan üçin,bergilisiň hemişe,

Gan döküp,duzuny ödänler barka.


Kuwwat Ýazmuhammedow

15
71