cilek
22.08.2023 18:23

Dilden-dile geçip,sözlenip gelýän,

Täsin rowaýaty edeýin beýan.


Gadym eýýamlarda heňňamlar aşyp,

Bir ýigit bir gyza bolupdyr aşyk.


Hüýre çalymdaşmyş ol näzenin gyz,

Saçlary gije dek,ýüzü hem gündiz.


Ala gözler garanynda her gezek,

Arzuwçyl ýigide gurupdyr duzak.


Kirpikleri sünjülipdir kalbyna,

Ýigit uçran yşgyň otdur ýalnyna.


Aýdypdyr şanyna müňlerçe gazal,

Emma söýgä ynanmandyr ol gözel.


Diýipdir:"Söýýäniň çyn bolsa meni,

Subut et söýgüňi,galmasyn kemi.


Berjaý edip bilseň ýeke şertimi,

Gümana esas ýok söýgim seňkidir".


Eýsem-de,delilik gerekmi söýgä?

Ýigit çümüp gitdi düşnüksiz duýga.


Serini säm eden pikir-oýlary,

Wadalaryň ummanyny boýlady.


Diýdi:"Isle diňe saňa bakaýyn,

Ýyldyzlary monjuk edip dakaýyn.


Isle,goparaýyn dagyň döşüni,

Isle,getireýin zümrüt daşyny.


Isleseň,bir ömür işläp-derleýip,

Tutuş ýer ýüzüni güle öwreýin.


Gyz aýtdy:"Bu wadalar boş gürrüň,

Meni ynandyrmak bar bolsa meýliň.


Söýgüm bolsa,elýetmeziň,geregiň,

Getirip ber eziz eneň ýüregin".


Aşyk ýigit oýa batdy,ýene kän:

"Bu sözlere neneň dili bardykan?


Enemi şert goýup gaty gidýändir, Ýazgarmaýyn,belkem,oýun edýändir".


Gyzyň gara gözlerine garady,

Gümany gözeliň gara çynydy.


Ýigit ol gözlere akyp eredi,

Iki söýgi serde darkaş gurady.


Ikisin terezä saldyka neneň?

Bir ýanda enesi bir ýanda gözel.


Ak süýdüni beren enesi dälmi?!

Başyn sypap ýören enesi dälmi?!


Enesi dälmidi aýazdan goran,

Gama batan çagy halyny soran?!


Enesi dälmidi dünýä indiren,

Ýykylan wagtynda ýerden galdyran?!


Bedenine ýara düşse em eden,

Soňsyz yssy mähir bilen sereden.


Deňemäge neneň çatdyka päli?!

Garnynda göteren enesi dälmi?!


"Yşkym ýalyn bolup,ýansa-da"entek,

Gözeller kän,enem welin ýeke-täk.


Diýýäýjek ýalydy,emma diýmedi.

Bu pikirler hyýalyna gelmedi.


Enä taý ýoklugy bolsa-da belli,

Gözeliň söýgisi has rüstem gelde.


Dillendi:"Diýeniň bolar,geregim,

Getirerin öz enemiň ýüregin".


Gözüni gapypdy söýgiň gymmaty.

Aşyk ýigit öýe baka ylgady.


Bogny ysmasada,ünji gaýgyly,

Sogrup aldy enesiniň kalbyny.


Gulagyna eşidildi elhenç gümmrüldi,

Gözel gyzyň ýanyna tarap ýüwrüldi.


Hamala diýýän dek,bu edýäniň galp,

Elde gürsüldeýär iň mukaddes kalp.


Ýoluna seretmän barýarka eňip,

Birden,daşa büdräp ýykyldy ýigit.


Şobada dillendi ýüregi enäň,

"Balam unjan ýeriň ýokdurda hernä".


Bu söz sena bolup dillerden-dile,

Asyrlardan ätläp, ýatipdir bize.


Rowaýat şu ýerde gutarýar tarpa,

Eýsem,yzyn bilmek zerurmy halka?!


Indi şol ýigidiň ýüzi gülermi?!

Enäni ynjydan bagtly bolarmy?!


Gözeliň ykbaly maňa näbelli,

Olam öz pälinden tapandyr belki.


Oňa diýjegim bar(aşsam-da çenden);

Enesinden geçen geçmezmi senden?!


Aslynda ýok bu gürrüňleriň geregi;

Esasy zat şol enäniň ýüregi.


Entek togtamandy entek durmandy,

Her uranda "BALAM"diýip urýardy.


Ogla käýemäge,haýbata derek,

Onuň aladasyn edýärdi ýürek.


Aýylgançlyk bilen dymmaga derek,

Oglunyň ahwalyn soraýar ýürek.


Hatda gursakda-da däl wagty,hergiz,

Eý,ene ýüregi,sen neneň eziz.

21
96
cilek
22 Awgust 2023
@Imissyou, @wolf, 👏🏻🔥
cilek
22 Awgust 2023
@lusi, Howwa menem gördüm kiçirräkkäm
cilek
22 Awgust 2023
@wolf, @Imissyou, 👏🏻🔥
wolf
22 Awgust 2023
Eý, Ene ýüregi, sen neneñ eziz 👍
cilek
22 Awgust 2023
@grafinya, howwa her hili adam barda
grafinya
22 Awgust 2023
Gyz nädip enesiniň ýüregni sorap bilýäray🤨 gaharym geldi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.