cilek
17.08.2023 20:14

Kim kimden üýtgeşik,kim kimden artyk?

Aýby ýokdur donuň bolsa-da ýyrtyk,

Daşyna müň dürli hiläni serpip

Ýürekde kir saklan ýüzler utansyn.


Eklenjiň aýby ýok iş bolsa halal,

Rysgalyň Hak berse ýagşyňa ýarar.

Edebin,ekramyn saklanda aýal

Betniýetli bakan gözler utansyn.


Der dökesi gelmez mugdy halaýan.

Görüpler bar,ädimiňi sanaýan.

Belentligiň eteginde saýalan,

Dag gadryn bilmeýän düzler utansyn.


Gözlän tapar,ýürek bilen agtaryp.

Ussa çykmaz şägirt ýatsa ýaltanyp.

Käte dünýäň hilesine aldanyp,

Hudaýy unudýan"bizler"utansyn.

26
120
cilek
2 Sentýabr 2023
my_demon
2 Sentýabr 2023
Gara pişik goulyga ynanman)
cilek
22 Awgust 2023
@garlawac_, menem pişikleri şeýle gowy görýändä ýöne alergiýam bar haýwanlara😕
cilek
22 Awgust 2023
@garlawac_, ❤❤❤
garaaaaaa
22 Awgust 2023
Su gosgun awtory kimka
cilek
18 Awgust 2023
@bamy, 👍🏻👍🏻🔥
bamy
18 Awgust 2023
Edebini, ekramyn saklanda aýal
cilek
18 Awgust 2023
@mawy, aýtma❤
gulshatayewa97
17 Awgust 2023
Betniýetli bakýan gözler utansyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.