bayramgeldiyewarslan
05.09.2023 08:17

Günorta koreýaly Sunny Wave Tech startapy Kickstarter platformasynda itler üçin ykjam telewizor hödürledi. Öndüriji Dogsplay displeýiniň itlere film görmek we aýdym diňlemek üçin niýetlenen dünýädäki ilkinji enjam boljakdygyny mälim etdi.


"Itleriň ömri adamlaryňkydan alty esse çalt geçýär, şonuň üçin hem öý haýwanlarymyzyň durmuşdan doly lezzet almagy gaty möhümdir" – diýip döredijiler ýazýarlar.


Enjamyň esasy aýratynlygy onuň itleriň görüş aýratynlyklaryna doly uýgunlaşdyrylan bolmagydyr. Adamlardan tapawutlylykda, olar sekuntda ortaça 70 kadr görüp bilýärler, biz bolsa diňe 30-syny görüp ýetişýäris. Şeýle hem, öý haýwanlary, adatça, şowa, ýagny ýakyndan gowy görýärler we daş-töweregindäki dünýäni diňe birnäçe öwüşginde görýärler. Görkezilen enjam itleriň ikitaraplaýyn görüşine sazlanýar we diňe gök, sary şekilleri we çal reňkiň käbir öwüşginlerini görkezýär.

Şeýle-de, işläp düzüjiler täze önümi döredenlerinde Samsung brendiniň daltonizm keselli adamlar üçin niýetlenen gajetler ulgamynda gazanan üstünliklerini peýdalanandygy mälimdir.

Gurluş itiň haýsy künjekden seredýändigine baglylykda, şekiliň ýygylygyny, doýgunlygyny we kontrastyny sazlamaga ukyply Dogflix tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Kompaniýa enjamy 2023-nji ýylyň noýabr aýynda bazara köpçülikleýin çykarmagy meýilleşdirýär.

10
59
bayramgeldiyewarslan
04.09.2023 08:14

Ermeni startap kompaniýasy adamyň beden agzalaryny we dokumalaryny çap etmek üçin biosyýa öndürýär. Geljekde bu donorlygyň ornuna geçer. Synag barlaglary oňyn netijeleri görkezdi diýip, MIR 24 habar berýär.


Biosyýa janly öýjüklerden ybarat materialdyr. Alymlar ondan täze beden agzalaryny we dokumalary çap etmegi meýilleşdirýärler. Çap edilen dokuma şolbada bedene ýerleşdirilmeýär. Ilki bilen, immun ulgamy täze beden agzasyny ret etmez ýaly, oňa eýesiniň öýjükleri girizilýär.

Biosyýa üçin esaslyk hökmünde doňuz ýa-da göle derisi, ösümlikler, balyk teňňeleri peýdalanylýar. Olardan kollagen ýa-da jelatin alynýar. Ondan soň täze öýjüklere köpelmek, biri-biri bilen birleşmek, kök urmak öwredilýär.


«Biomateriallaryň hiline dürli usullar we derňewler arkaly gözegçilik edilýär, şol sanda mehaniki häsiýetleri ölçenilýär, materiallaryň nähili üýtgeýändigi barlanylýar. Munuň üçin häzirki zaman enjamlaryny ulanýarys» diýip, kompaniýanyň müdiri we esaslandyryjysy Emanuil Gandilýan belläp geçdi.


Ermeni alymlarynyň döreden biosyýasyny eýýäm daşary ýurtly kärdeşleri öz synaglary üçin satyn aldylar. Kompaniýanyň agzalary dünýäniň öňdebaryjy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýärler.

Bioprinting dünýäde 2010-njy ýyldan bäri ösýär. Eger alymlar üstünlik gazansalar, donorlyk beden agzalaryna bolan talap aradan aýrylar.

14
54
bayramgeldiyewarslan
03.09.2023 11:30

«Pangea» brendi «Kickstarter» platformasynda ummandaky zyňyndylaryndan ýasalan ekologiýa taýdan arassa «OceanGuard» atly Gün şöhlesinden goraýjy äýneklerini tanyşdyrdy. Şeýlelik bilen, höwesjeňler Ýeri köp sanly galyndylardan arassalamagy maksat edinýärler.



Aksessuary döretmek üçin işläp düzüjiler NanoFlex tehnologiýasyny döretdiler, onuň kömegi bilen plastik galyndylary ýokary hilli polipropilene öwürmek mümkindir. Alnan material şol bir wagtyň özünde çeýeligi, aşa güýçlüligi we ýeňilligi bilen tapawutlanýar.

Önümiň döredilmegine ozal «North Face», «Gucci», «Diesel» we «Puma» brendleri bilen işlän italýan dizaýneri Alessandro de Monte gatnaşdy. Äýnekleriň çarçuwalary Balide elde ýasalýar, bu ýerde brendiň ýörite Innowasiýalar merkezi döredildi. Kompaniýanyň wekilleri bu önümçilik usulynyň her çarçuwanyň özboluşly we «dünýäde ýeke-täk» bolmagyna kömek edýändigini bellediler.

«Pangea» brendi ABŞ-dan, Argentinadan we Kolumbiýadan üç syýahatçy tarapyndan esaslandyryldy. Olar planetany zibillerden arassalamaga kömek etjek syýahatçylyk önümlerini döretmegi öz wezipeleri hasaplaýarlar. Şeýle-de bu brendi esaslandyranlar öz öňlerinde 1 million agaç ekmek we her ýurtda azyndan bir köpçülikleýin zibil ýygnamak çäresini guramak ýaly birnäçe iri maksatlary goýdular.

Alymlar munuň öňüsyrasynda her ýyl dünýä ummanlaryna, takmynan, 500 müň tonna plastik zyňyndylaryň düşýändigini habar berdiler. Şu güne çenli olaryň suwdaky umumy mukdary 25 million tonnadan gowrak diýlip çaklanylýar, şol bir wagtyň özünde, plastik bölekleriň köpüsi onlarça ýyllaryň dowamynda ummanyň üstünde ýüzýär.

2022-nji ýylyň dekabrynda Ewerestiň depesiniň 2030-njy ýyla çenli zibillerden arassalanjakdygy mälim edildi. Muny «Bally» şweýsar aýakgap brendi «Bally Peak Outlook» maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrar. Bu çäre nepally alpinist Tensing Norgeýiň Ewereste ilkinji gezek çykmagynyň 70 ýyllygyna bagyşlanar. Şonda türgen «Bally» brendiniň köwşüni geýipdi. Brendiň habar bermegine görä, maksatnama 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçiriler.

9
33
bayramgeldiyewarslan
02.09.2023 08:49

Fast Technology News kompaniýasy hiç hili bildiriş bermezden, hemra aragatnaşygy elýeterli bolan meşhur Huawei Mate 60 Pro smartfonyny hödürledi. Enjamyň bahasy 6999 ýuan, häzirki wagtda diňe 12 GB RAM we 512 GB fleş ýady bolan wersiýasy satylýar. Huawei gajetleriniň ilkinji tapgyry deslapky sargytlar başlan badyna diýen ýaly gutardy. Bu barada My Drivers portaly habar berdi.



Tehniki aýratynlyklary barada mälim zatlar: smartfonyň içine 5000 mAh akkumulýator oturdylan, kuwwaty 88W-a çenli bolan ýokary tizlikli simli zarýad berişi we kuwwaty 50W bolan Huawei ultra-çalt simsiz zarýad beriş gurluşyny göterýär. Kuwwaty 20W bolan simsiz rewersiw zarýad berijisi bar. Enjamda öňünden gurlan Hongmeng 4.0 operasiýa ulgamy bar. Şeýle hem, täze enjam hemra aragatnaşygyny goldaýar.

Smartfonyň agramy takmynan 225 gr, IP68 tozana we suwa garşylyk derejesi bar we mahabatda aýdylyşy ýaly, “döwülmezek” Kunlun glass bilen goralýar.

9
32
bayramgeldiyewarslan
01.09.2023 08:36

ABŞ-da agramy takmynan 250 kg bolan 4 metrlik krokodil tutuldy diýip, LADBible ýazýar. Awçylar munuň ştatyň rekordydygyny aýdýarlar.


Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, krokodili Missisipi ştatynda awçylar topary tutupdyr. Ýyrtyjy bilen uzak wagtlap dowam eden göreşden soň, adamlar “oljany” gaýykda kenara eltmegi başardylar. Haýwany çekip görenlerinden soň, aw ululygy we agramy boýunça ştatyň rekordy boldy.

Awçylaryň biri: "Ol sekiz ýa-da dokuz gezek çeňňegimize düşdi,  ýöne her gezek sypdy durdy" – diýip gürrüň berdi.

Missisipi ştatynyň Ýabany tebigat we balykçylyk departamentiniň habaryna görä, krokodiliň uzynlygy dört metr, agramy 238 kg.


"Şu gün tutulan iň uly alligator boýunça täze rekord goýuldy" - diýip departament belledi.

17
75
bayramgeldiyewarslan
31.08.2023 09:47

31-nji awgustda aýyň dowamynda ikinji gezek Dolan Aýyň bolmagyna garaşylýar. Moskwa Planetariumynyň metbugat gullugynyň TASS-a beren habaryna görä, bu gezek ol äpet Aý diýlip atlandyrylýan - Aýyň Ýere iň ýakyn nokatdan (perigeýe) geçmegi bilen gabat geler.


Aýyň dowamyndaky ikinji Dolan Aýa "mawy" diýilmegi reňk sebäpli däl-de, ortaça üç ýyldan bir gezek ýüze çykýan hadysanyň seýrek bolýandygy sebäpli atlandyrylýar. Resmi däl adalga iňlis dilindäki "once in a blue moon" ("bir gezek “mawy Aý” bolanda") aýtgysy bilen baglanyşykly. Bu gezekki "ikinji" Dolan Aý Aýyň orbitasynyň Ýere ýakyn nokada - perigeýe mümkin boldugyça golaý gelmegine gabat geler. Bu onuň görünýän diametrini hasam ulaldar: planetamyzdan iň uzakda wagtyndan (apogeýanyň üstünden) 13,5% uly bolar.


"Ýere iň ýakyn aralykda, öz orbitasynyň töwereginde Aý 30-njy awgustda, Aşgabat wagty bilen 20:52-de bolar we 31-nji awgustda Aşgabat wagty bilen 06:37-de doly Aý fazasyny alar. Bu wakalaryň arasyndaky tapawut 9 sagat 45 minut bolar. 31-nji awgustdaky Aý dolmasy döwri (29, 30 we 31-nji awgust) supermun diýlip atlandyrylyp bilner "- diýip, planetaride takykladylar.


Indiki gezek bir aýyň dowamynda iki gezek Aý dolmasyny Ýeriň ýaşaýjylary 2026-njy ýylyň maý aýynda görüp bilerler.

16
87
bayramgeldiyewarslan
30.08.2023 12:26

Awstraliýanyň kanberraly lukmanlary ilkinji gezek adam beýnisinden janly gurçuk çykardylar diýip, Guardian gazeti şäher hassahanasynyň ýokanç keseller lukmany Sanýaýu Senanaýakeniň sözlerine salgylanyp habar berdi.


“Ophidascaris robertsi” pitonlarda duş gelýän tegelek gurçukdyr. Kanberraly hassa bu parazitiň adamda hem duşýandygyny ýüze çykaran dünýäde ilkinji hadysa boldy" – diýip, neşir belleýär.

“The Guardian” -yň habar bermegine görä, 8 santimetrlik gurçuk 2021-nji ýylda ilkinji gezek kömek sorap gelen 64 ýaşly hassadan aýryldy. Şol wagt ol garyn agyrysyndan, içgeçmeden, dowamly gury üsgülewükden, gyzzyrmadan we gijeki der basmalardan zeýrenipdi. 2022-nji ýylda agzalan alamatlara ýatkeşligiň peselmegi we depressiýa hem goşulypdyr, şonuň üçin garryny beýnini MRT etdirmek üçin ýollaýarlar. Şonda operasiýany talap edýän kadadan gyşarmalar tapylypdyr.

Senanaýakeniň habar bermegine görä, gurçuk, adatça, hassanyň öýüniň golaýynda ýaşaýan haly pitonlarynda bolýar. Gurçuk, aýalyň iýmit hökmünde ýygnan otunda bolan bolmagy hem ähtimal.

Lukman Ophidascaris gurçugynyň bedene düşmeginiň adamdan adama ýokaşmaýandygyny we COVID-19 ýa-da Ebola ýaly pandemiýa sebäp bolmaýandygyny aýtdy.

23
108
bayramgeldiyewarslan
19.08.2023 17:37



 Her gün irden sagadyň jyňňyrdysg maňa edil ok atylan ýaly yäsir etýär.-
Näme ok atylan ýaly turup gidäýýäňmmi?
-Ýokla ölen ýaly bolup ýatýan.

Elli ýaşdan ep esli geçendigi göze dürtilip duran awtobusdaky daýza jorasyna öwünýär:
-Görýäňmi gör nähili men ýaş görünýänligim üçin maňa hiç kim maňa öz ornuny teklip edenok.

Meýdanda iki gül ösüp otyr. Ýigit-gül gyz-güle ýülenýär:
Ýigit gül: Sen meni söýýäňmi?
Gyz gül: Howwa.
Ýigit gül: Gel onda bal aryny çagyraly...

Gapy kakylýar:
-Meret şu öýde ýaşaýary?
-Ýok ýaşanok
-Onda siz kim?
-Meret
-Onda siz näme üçin bu ýerde ýaşamaýan diýýäňiz?
-Mundanam bir ýaşaýyş bolarmaý?!

Bir günlik paraşýut satylýan bölümde:
-Bir bökeniň üçin näçe bermeli?
-100 manat
-Birden paraşýut açylmasa...?
-Elbetde pulyňyzy yzyna bereris.

30
234
bayramgeldiyewarslan
16.08.2023 07:59

Android telefonlary proşifka etmek. Eger-de ortaky Home düwme telefonlaryñyzda ýok bolsa onda beýleki 2 düwme arkaly hem etse bolýar.
Duýduruş: şu usul bilen proşiwka eden ýagdaýyňyzda telefonyňyzdaly hemme maglumatlar öçýändir we yzyna alyp bolmaýar.
 Hard reset knopka
------------------------
Power (блокировка)
  +        (+громкост)
Home (ortaky knopka)
------------------------
Hemmesini deñine basmaly
------------------------
1. Wipe data/factory reset
2. Yes-Delete all user

15
42
bayramgeldiyewarslan
14.08.2023 06:46
Bir ayal mugallym kilchiklik edip okuwchylara sorag beryar.
Hany okuwcylar men nace yasymda kim aydyp biljek.
Her okuwcy bir yash aytyar in sonunda Amanjyk elini goterip yigrimi alty diyyar
Mugallym dogry nadip bildin diyyar
Amanjyk Ynha men 13 yashymda kakam mana yarym samsyk diyyar.

Garynja bilen Pil suysheneklap serhedi bozup baryarlar.
Birdenem olar tarapa ok atyp bashlayarlar.
Garynja: Pil dost sen suysheneklaber meni gordiler oytyan...

Gara denzin kenaryndaky plyazhda goltugy babekli suw perisi otyr.
-Hany mana akwalant (suwa cumuji) Meredi tapyp berin.

Ataly ogul surata dushmekchi bolyarlar
Suratchy -Oglunyz elini sizin egnineze goysa has tebigyrak bolmazmyka.
Atasy -Yok hakykata yakyn edip dushjek bolsa oglum men jubime elini sokup dushsin.

Yanyja dermanhanadan cykan yashulyn yzyndan dermanhanacy ylgap yetyar:
-Siz yanyja menden klasiy glyukonat aldynyz dami?
-Howwa
-Derrew yzyna berin
-Name uchin
-Men yalnyshyp size sianly kaliy beripdirin
-Gynansakda men eyyam ony icdimda
-Onda 10 manat artykmac bahasyny tiz berin ol zaher calt tasir etyar.
28
335