bayramgeldiyewarslan
04.09.2023 08:14

Ermeni startap kompaniýasy adamyň beden agzalaryny we dokumalaryny çap etmek üçin biosyýa öndürýär. Geljekde bu donorlygyň ornuna geçer. Synag barlaglary oňyn netijeleri görkezdi diýip, MIR 24 habar berýär.


Biosyýa janly öýjüklerden ybarat materialdyr. Alymlar ondan täze beden agzalaryny we dokumalary çap etmegi meýilleşdirýärler. Çap edilen dokuma şolbada bedene ýerleşdirilmeýär. Ilki bilen, immun ulgamy täze beden agzasyny ret etmez ýaly, oňa eýesiniň öýjükleri girizilýär.

Biosyýa üçin esaslyk hökmünde doňuz ýa-da göle derisi, ösümlikler, balyk teňňeleri peýdalanylýar. Olardan kollagen ýa-da jelatin alynýar. Ondan soň täze öýjüklere köpelmek, biri-biri bilen birleşmek, kök urmak öwredilýär.


«Biomateriallaryň hiline dürli usullar we derňewler arkaly gözegçilik edilýär, şol sanda mehaniki häsiýetleri ölçenilýär, materiallaryň nähili üýtgeýändigi barlanylýar. Munuň üçin häzirki zaman enjamlaryny ulanýarys» diýip, kompaniýanyň müdiri we esaslandyryjysy Emanuil Gandilýan belläp geçdi.


Ermeni alymlarynyň döreden biosyýasyny eýýäm daşary ýurtly kärdeşleri öz synaglary üçin satyn aldylar. Kompaniýanyň agzalary dünýäniň öňdebaryjy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýärler.

Bioprinting dünýäde 2010-njy ýyldan bäri ösýär. Eger alymlar üstünlik gazansalar, donorlyk beden agzalaryna bolan talap aradan aýrylar.

14
54
spokkiyew
4 Sentýabr 2023
👉❤❤❤🙋‍♂️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.