bayramgeldiyewarslan
30.08.2023 12:26

Awstraliýanyň kanberraly lukmanlary ilkinji gezek adam beýnisinden janly gurçuk çykardylar diýip, Guardian gazeti şäher hassahanasynyň ýokanç keseller lukmany Sanýaýu Senanaýakeniň sözlerine salgylanyp habar berdi.


“Ophidascaris robertsi” pitonlarda duş gelýän tegelek gurçukdyr. Kanberraly hassa bu parazitiň adamda hem duşýandygyny ýüze çykaran dünýäde ilkinji hadysa boldy" – diýip, neşir belleýär.

“The Guardian” -yň habar bermegine görä, 8 santimetrlik gurçuk 2021-nji ýylda ilkinji gezek kömek sorap gelen 64 ýaşly hassadan aýryldy. Şol wagt ol garyn agyrysyndan, içgeçmeden, dowamly gury üsgülewükden, gyzzyrmadan we gijeki der basmalardan zeýrenipdi. 2022-nji ýylda agzalan alamatlara ýatkeşligiň peselmegi we depressiýa hem goşulypdyr, şonuň üçin garryny beýnini MRT etdirmek üçin ýollaýarlar. Şonda operasiýany talap edýän kadadan gyşarmalar tapylypdyr.

Senanaýakeniň habar bermegine görä, gurçuk, adatça, hassanyň öýüniň golaýynda ýaşaýan haly pitonlarynda bolýar. Gurçuk, aýalyň iýmit hökmünde ýygnan otunda bolan bolmagy hem ähtimal.

Lukman Ophidascaris gurçugynyň bedene düşmeginiň adamdan adama ýokaşmaýandygyny we COVID-19 ýa-da Ebola ýaly pandemiýa sebäp bolmaýandygyny aýtdy.

23
108
birijikprenses
30 Awgust 2023
Bah gen galdyryjy yagday🤔🤔🤔🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.