bayramgeldiyewarslan
02.09.2023 08:49

Fast Technology News kompaniýasy hiç hili bildiriş bermezden, hemra aragatnaşygy elýeterli bolan meşhur Huawei Mate 60 Pro smartfonyny hödürledi. Enjamyň bahasy 6999 ýuan, häzirki wagtda diňe 12 GB RAM we 512 GB fleş ýady bolan wersiýasy satylýar. Huawei gajetleriniň ilkinji tapgyry deslapky sargytlar başlan badyna diýen ýaly gutardy. Bu barada My Drivers portaly habar berdi.



Tehniki aýratynlyklary barada mälim zatlar: smartfonyň içine 5000 mAh akkumulýator oturdylan, kuwwaty 88W-a çenli bolan ýokary tizlikli simli zarýad berişi we kuwwaty 50W bolan Huawei ultra-çalt simsiz zarýad beriş gurluşyny göterýär. Kuwwaty 20W bolan simsiz rewersiw zarýad berijisi bar. Enjamda öňünden gurlan Hongmeng 4.0 operasiýa ulgamy bar. Şeýle hem, täze enjam hemra aragatnaşygyny goldaýar.

Smartfonyň agramy takmynan 225 gr, IP68 tozana we suwa garşylyk derejesi bar we mahabatda aýdylyşy ýaly, “döwülmezek” Kunlun glass bilen goralýar.

9
32
wolf
2 Sentýabr 2023
Bet eken 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.