bayramgeldiyewarslan
01.09.2023 08:36

ABŞ-da agramy takmynan 250 kg bolan 4 metrlik krokodil tutuldy diýip, LADBible ýazýar. Awçylar munuň ştatyň rekordydygyny aýdýarlar.


Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, krokodili Missisipi ştatynda awçylar topary tutupdyr. Ýyrtyjy bilen uzak wagtlap dowam eden göreşden soň, adamlar “oljany” gaýykda kenara eltmegi başardylar. Haýwany çekip görenlerinden soň, aw ululygy we agramy boýunça ştatyň rekordy boldy.

Awçylaryň biri: "Ol sekiz ýa-da dokuz gezek çeňňegimize düşdi,  ýöne her gezek sypdy durdy" – diýip gürrüň berdi.

Missisipi ştatynyň Ýabany tebigat we balykçylyk departamentiniň habaryna görä, krokodiliň uzynlygy dört metr, agramy 238 kg.


"Şu gün tutulan iň uly alligator boýunça täze rekord goýuldy" - diýip departament belledi.

17
75
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.