bayramgeldiyewarslan
03.09.2023 11:30

«Pangea» brendi «Kickstarter» platformasynda ummandaky zyňyndylaryndan ýasalan ekologiýa taýdan arassa «OceanGuard» atly Gün şöhlesinden goraýjy äýneklerini tanyşdyrdy. Şeýlelik bilen, höwesjeňler Ýeri köp sanly galyndylardan arassalamagy maksat edinýärler.



Aksessuary döretmek üçin işläp düzüjiler NanoFlex tehnologiýasyny döretdiler, onuň kömegi bilen plastik galyndylary ýokary hilli polipropilene öwürmek mümkindir. Alnan material şol bir wagtyň özünde çeýeligi, aşa güýçlüligi we ýeňilligi bilen tapawutlanýar.

Önümiň döredilmegine ozal «North Face», «Gucci», «Diesel» we «Puma» brendleri bilen işlän italýan dizaýneri Alessandro de Monte gatnaşdy. Äýnekleriň çarçuwalary Balide elde ýasalýar, bu ýerde brendiň ýörite Innowasiýalar merkezi döredildi. Kompaniýanyň wekilleri bu önümçilik usulynyň her çarçuwanyň özboluşly we «dünýäde ýeke-täk» bolmagyna kömek edýändigini bellediler.

«Pangea» brendi ABŞ-dan, Argentinadan we Kolumbiýadan üç syýahatçy tarapyndan esaslandyryldy. Olar planetany zibillerden arassalamaga kömek etjek syýahatçylyk önümlerini döretmegi öz wezipeleri hasaplaýarlar. Şeýle-de bu brendi esaslandyranlar öz öňlerinde 1 million agaç ekmek we her ýurtda azyndan bir köpçülikleýin zibil ýygnamak çäresini guramak ýaly birnäçe iri maksatlary goýdular.

Alymlar munuň öňüsyrasynda her ýyl dünýä ummanlaryna, takmynan, 500 müň tonna plastik zyňyndylaryň düşýändigini habar berdiler. Şu güne çenli olaryň suwdaky umumy mukdary 25 million tonnadan gowrak diýlip çaklanylýar, şol bir wagtyň özünde, plastik bölekleriň köpüsi onlarça ýyllaryň dowamynda ummanyň üstünde ýüzýär.

2022-nji ýylyň dekabrynda Ewerestiň depesiniň 2030-njy ýyla çenli zibillerden arassalanjakdygy mälim edildi. Muny «Bally» şweýsar aýakgap brendi «Bally Peak Outlook» maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrar. Bu çäre nepally alpinist Tensing Norgeýiň Ewereste ilkinji gezek çykmagynyň 70 ýyllygyna bagyşlanar. Şonda türgen «Bally» brendiniň köwşüni geýipdi. Brendiň habar bermegine görä, maksatnama 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçiriler.

9
33
spokkiyew
3 Sentýabr 2023
👉❤❤❤🙋‍♂️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.