bayramgeldiyewarslan
26.09.2023 07:58

Her gezek men saňa "Söýýän seni!" diýemde, sen "Hany aýt, söýgi näme?" diýen soragy berýärsiň, "nädip söýýäniňi düşündirdä" diýýärsiň. Men seniň bu sowalyňa kän wagt jogap gözledim. Dürli kitaplary okap gördüm. Deň-duşlaryma sorag berip gördüm. Ýaşy menden has ulurak adamlardan hem sorap gördüm. Hat-da filosofiýadan, psihologiýafan sapak berýän mugallymlarymdan hem maýyny tapyp soradym "söýgi näme?" diýip. Emma, geň galmaly, men söýgi hakda hiç ýerden-de, hiç kimden-de özümi kanagatlandyrýan jogaby alyp bilmedim. Şoň üçinem, men bu sowala anyk jogaby diňe öz ýüregimden gözlemekligi makul bildim. Meniň diňe "sen, sen, sen..." diýip gürsüldeýän ýürejigim maňa şu zatlary saňa aýtmaklygymy maslahat berdi: Söýgi – bu, meniň seniň bilen bileje geçiren her bir minudyma begenýänligim! Söýgi – bu, haçan-da, meniň ýüregimiň seni her gezek gören çagym ýa-da seniň sesiňi eşden çagym, doňup galýanlygy, ýa-da, tersine, gürsüldäp urup başlaýanlygy! Söýgi – bu, meniň hemme ýerde jübi telefonymy ýanymdan aýyrman, hatda ýatamda hem ony başujymda goýup ýatýanlygym. Sebäbi, men sen jaň edeňde, birdenkä, eşitmän galaýmaýyn diýip, gorkýan! Söýgi – bu, meniň sen hakda her minutda 60 sekunt däl, 61 sekunt pikir edýänligim! Söýgi – bu, meniň dünýädäki gyzlaryň içinde senden owadan gyzyň ýoklugyna ynanýanlygym! Söýgi – bu, meniň senden başga hiç bir gyzy senden owadan hasap edip bilmeýänligim! Söýgi – bu meniň uka giden halatymda- da, oýanamda-da diňe sen hakda pikir edip ýatýanlygymda we oýanýanlygymda! Söýgi – bu meniň agşam ýatamda seni göz öňüme getirip ýassygy gujaklap ýatyşym...

23
47
bayramgeldiyewarslan
25.09.2023 08:28

AST SpaceMobile amerikan kompaniýasynyň inženerleri 5G arkaly kosmos hemrasy bilen aragatnaşygy ýola goýup bildiler. Bu barada “Forbes” neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.


Taslamanyň çäklerinde AST SpaceMobile-yň hünärmenleri kosmosa ilkinji jaňy amala aşyrdylar: ABŞ-dan inženerler pes Ýer orbitasynda ýerleşýän BlueWalker 3 hemrasyna birikmegi başardylar. Aragatnaşyk seansy 8-nji sentýabrda boldy, alymlar 5G standartyny we adaty Samsung Galaxy S22 smartfonyny ulandylar.

Inženerleriň aýtmagyna görä, bäşinji nesliň aragatnaşyk standartynyň kömegi bilen ses aragatnaşygyny ýola goýmak we sekuntda 14 megabite çenli tizlik bilen maglumatlary geçirmek başartdy. Taslamanyň çäklerinde AST SpaceMobile kompaniýasy Vodafone, AT&T we Nokia kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etdi.

Geljekde kompaniýa kosmosa 168 hemra uçurmagy we Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy bilen bäsleşmegi maksat edinýär.

“Forbes” tarapyndan sorag edilen hünärmenler kompaniýanyň hemralarynyň pes Ýer orbitasynda ýerleşjekdigini, şonuň üçin tutuş dünýäde aragatnaşyk gurşawyny guramagyň ýeterlik derejede kyn boljakdygyny bellediler. Gurşawy ýokarlandyrmak üçin geosinhron hemralary uçurmak gerek.

14
21
bayramgeldiyewarslan
24.09.2023 08:48

Belli alym Albert Eýnşteýniň degişlilik teoriýasy baradaky golýazmasy auksiona çykaryldy. Bu barada MIR24 habar berýär.


Bu üýtgeşik nusga 12 bapdan ybarat bolup, ol Eýnşteýniň “The New York Times” gazeti üçin taýýarlan makalasynyň garalamasydyr. Onda alym sada we düşnükli dilde aýratyn we umumy degişlilik teoriýalarynyň düýp manysyny düşündirýär. Alym ony nemes dilinde ýazypdyr.

Iň soňky sahypada awtoryň goly we alymyň Berlinde ýaşan salgysy bar – Haberlandştrasse, 5.


“Biz ilkinji gezek günbatar nusgawy sungat kategoriýasyny Aziýa auksionlarynda hödürleýäris. Bu golýazmalar toplumy Eýnşteýn tarapyndan 1929-njy ýylda ýazyldy we ol alymyň şol wagtlar öwrenen aýratyn degişlilik teoriýasyny, umumy degişlilik teoriýasyny we bitewi meýdan teoriýasyny öz içine alýar. Bu ählumumy düşündirişli golýazma” – diýip, Şanhaýdaky auksion öýüniň uly hünärmeni Dina Çžan belledi.


Golýazmanyň takmynan bahasy 7 – 10 mln ýuan.

13
17
bayramgeldiyewarslan
23.09.2023 09:41

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli iş kesilen 1180 türkmen raýatynyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


22-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy  mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu Toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutany mejlisiň barşynda «biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlarymyzyň  öň ýanynda günäsini geçýäris, beýik ata - babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys» diýip belledi.

Resminama laýyklykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe  hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutany günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

15
30
bayramgeldiyewarslan
22.09.2023 06:29

Ilon Mask ozal Twitter ady bilen tanalýan X sosial ulgamynyň geljekde doly tölegli boljakdygyny aýtdy.


Milliarder Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen göni ýaýlymda aragatnaşyga çykanda meýilleşdirilen üýtgeşmäni agzady. Maskyň pikiriçe, ähli akkauntlara töleg girizmek, birtopar botlaryň hyzmatyndan dynmagyň ýeke-täk usulydyr, sebäbi şonda olara bähbitsiz bolar.

Telekeçi ulanyjylara “az mukdarda” töleg alynjakdygyny aýtdy. Şeýle abuna ýazylyşygyň näçeräk durjakdygyny ýa-da X-iň ulanyjylarynyň hemmesiniň haçan tölemeli boljakdygyny takyk görkezmedi.

Häzirki wagtda Ilon Maskyň sosial ulgamyndaky esasy hasap mugt, aýda 8 dollara giňelýän X Premium abunalygyny satyn alyp bilersiňiz. TechCrunch tarapyndan getirilen maglumatlara görä, häzirki wagtda munuň üçin bir milliona golaý adam töleg töleýär.

Maskyň şol ýaýlymda aýdyşy ýaly, X-iň aýlyk auditoriýasy 550 million ulanyjy. Ol bu sana botlaryň girizilendigini ýa-da ýokdugyny aýtmady.

10
15
bayramgeldiyewarslan
21.09.2023 08:43

Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasy protezlere gözegçilik etmekde ulanylyp bilinjek, beýnä oturtmak boýunça kliniki synaglar üçin meýletinçileri toplap başlady.


"Adamlarda ilkinji kliniki synagy geçirmek üçin meýletinçileri toplamak işiniň başlanandygyny hoşallyk bilen mälim edýäris!" – diýip, kompaniýa öz sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda yglan etdi.


Kompaniýanyň web sahypasy oňurga ýiliginiň boýun böleginiň şikes almagy netijesinde el-aýagy ysmaz bolan ýa-da amiotrofik gapdal sklerozly adamlaryň bu maksatnama gatnaşyp biljekdigini belleýär.

Neuralink başlangyjy Mask tarapyndan 2016-njy ýylyň iýul aýynda döredilip, geljekde adamyň beýnisine ýerleşdirilip bilinjek çipleri ösdürýär. Telekeçi şeýle nerw interfeýsleriniň adama emeli aňa garşy durmaga ukyply kiborg bolmagyna mümkinçilik döredjekdigine, şeýle hem adamlara pikiriň güýjüni ulanyp kompýuteri dolandyrmagy öwrenmäge kömek etjekdigine ynanýar. 2023-nji ýylyň 25-nji maýynda kompaniýa ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça müdirliginden adamlara kliniki synaglary geçirmek üçin rugsat alandygyny habar beripdi.

14
57
bayramgeldiyewarslan
20.09.2023 08:04

Tesla amerikan kompaniýasy bäş millionynjy awtomobili öndürendigi barada hasabat berdi. Bu barada kompaniýa X sosial ulgamynda habar berdi diýip, autonews.ru belleýär.


Ýubileý elektrokary Tesla Model 3 sedany boldy. Tesla ilkinji millionynjy awtomobili 2020-nji ýylyň başynda ýygnady. Dört millionynjy elektrokar bolsa 2023-nji ýylyň 1-nji martynda çykaryldy. Şeýlelik bilen, ýene million awtoulagy öndürmek üçin Tesla ýarym ýyldan gowrak wagt gerek boldy.

Diňe 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde kompaniýa 479 700 Tesla awtomobillerini öndürdi. Model Y flagman krossoweriniň we Model S liftbeginiň paýyna 19 489 nusga düşýär. Galan 460 211 birlik arzan Model Y krossoweriniň we Model 3 sedanynyň paýyna düşdi.  

Üç hepde mundan öň Tesla täzelenen Model 3 elektrokaryny hödürledi. Awtomobil daşky keşbi boýunça düýpgöter üýtgedi. Elektrokaryň öň tarapy doly täzeden işlendi. Bu ýerde täze faralar, bamper, kapot we ganatlar oturdyldy. Tesla Model 3-üň yz tarapynda täze çyralar, ýük goýulýan ýer üçin başga gapak, bamper we logotipiň deregine brendiň ady bolan ýazgy peýda boldy. Mundan başga-da, ýörite täze awtoulag üçin 18 ýa-da 19 dýuýmlyk asyl nusgadaky teker diskleri taýýarlandy. Modeliň uzynlygy 4720 mm ýetdi.

16
27
bayramgeldiyewarslan
19.09.2023 08:49

Kaliforniýanyň Baş prokuraturasy Google-y kazyýete berdi. Kazyýetde aýdylyşyna görä, ulanyjy bu funksiýany öçüreninden soň hem kompaniýa ulanyjylaryň ýerleşýän ýerleri baradaky maglumatlary bikanun ýygnamagy we saklamagy dowam etdirýär.


"The Guardian"-yň berýän habaryna görä, Google ulanyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplanýan kazyýet işini çözmek üçin 93 million dollar tölär. Şikaýatçynyň sözlerine görä, Google ulanyjylaryň ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlary bikanun yzarlaýar we saklaýar.

Kazyýete arzany Kaliforniýanyň baş prokurory Rob Bonta berdi. Onuň sözlerine görä, kompaniýa maglumatlary gizlin saklaýandygy we ýygnaýandygy baradaky hakykaty gizleýär. Derňewiň netijesi Google bu aýratynlygy öçürenden soň hem ulanyjylary yzarlaýandygyny görkezdi. Kompaniýa täjirçilik bähbidini görmek maksady bilen maglumatlary bikanun ýygnaýar.

Google günäsini boýun almaýar. Şeýle-de bolsa, kompaniýa 93 million dollar tölemäge hem-de ulanyjylara programmanyň ýerleşýän ýerini yzarlaýandygyny we täjirçilik önümlerini mahabatlandyrmak üçin maglumatlary ýygnaýandygyny habar bermek ýaly birnäçe talaplary ýerine ýetirmäge razy boldy.

Google-yň wekili Hose Kastaneda kompaniýanyň birnäçe ýyl ozal gizlinlik ýörelgesini üýtgedendigini aýtdy. Häzirki wagtda ulanyjynyň şahsy maglumatlary onuň razylygy bolmasa saklanmaýar ýa-da işlenmeýär.

15
19
bayramgeldiyewarslan
18.09.2023 10:48

Raýs uniwersitetiniň alymlary wiruslary ýok etmäge ukyply täze mata döretdiler. Onuň daşky tarapy güýçli derejede gyzmaga ukyplydyr, içi bolsa salkynlygyna galýar.


Dokma esasly kompozit material Joul ýyladylyşy esasynda işleýär. Geçirilen synaglar onuň üstündäki koronawiruslary 99,9%-ini bäş sekuntda ýok edýändigini görkezdi.

Matany döredijiler şeýle matanyň ellik ýaly şahsy gorag enjamlaryny öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini bellediler. Bu ýygy-ýygydan çalşylmaly bolan bir gezek ulanylýan önümleriň ornuny tutmaga mümkinçilik berer.

Material elektrik togy arkaly daşky gatlagyny 100 gradusdan ýokary temperaturada gyzdyrýar. Ulanyjynyň derisi bilen galtaşykdaky içki gatlak bolsa iň ýokary 36 gradusa çenli gyzýar, bu bolsa bedeniň tebigy temperaturasyna ýakyndyr. «Akylly» materiallaryň ulanylmagy matany diňe wirusa garşy däl, eýsem, ýeňil we maýyşgak etmäge hem mümkinçilik berdi.


«Enjam wiruslary netijeli ýok etmek üçin ýeterlik derejede gyzmalydyr, ýöne ulanyjynyň ýanmagyna ýa-da özüni oňaýsyz duýmagyna sebäp bolar derejede däl» diýip, alymlar bellediler.


Matany döredijiler onuň kosmos pudagynda-da ulanylyp bilinjekdigini, mysal üçin, ýeňil skafandrlary döretmek üçin ulanyp boljakdygyny bellediler.

12
40
bayramgeldiyewarslan
17.09.2023 08:16

iPhone 15 hödürlenmezden ozal, hünärmenler we ulanyjylar Apple -iň geljekki smartfonlaryň zarýad berilmegini asyl USB-C kabelleri bilen çäklendirer öýdüp gorkýardylar. Bu şuňa meňzeş birleşdirijisi bolan adaty simleriň diňe zarýad bermek üçin däl, eýsem ýakyn geljekdäki enjamlara maglumat geçirmek üçin hem amatly bolmajakdygyny aňladardy.


Ars Technica -nyň žurnalistleri iPhone 15 –iň, öndürijä garamazdan, islendik Type-C kabellerini goldajakdygyny mälim etdiler. Portalda bellenip geçilişi ýaly, geljekki smartfonlar iň köp ýaýran birleşdirijiler bilen enjamlaşdyrylandyr, olar diňe asyl sime garaşly bolmaz.

“Apple” -iň hyzmatdaş saýtlary dürli USB-C kabellerine goldaw berilýändigini habar berdiler. Olar baradaky maglumatlar ulanyjylaryň iPhone 15 –e, hatda smartfon çykmazyndan has öň çykan kabeller bilen hem zarýad berip biljekdigini habar berýär.

iPhone 15-iň satuwy 22-nji sentýabrda başlanar.

12
25