bayramgeldiyewarslan
25.09.2023 08:28

AST SpaceMobile amerikan kompaniýasynyň inženerleri 5G arkaly kosmos hemrasy bilen aragatnaşygy ýola goýup bildiler. Bu barada “Forbes” neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.


Taslamanyň çäklerinde AST SpaceMobile-yň hünärmenleri kosmosa ilkinji jaňy amala aşyrdylar: ABŞ-dan inženerler pes Ýer orbitasynda ýerleşýän BlueWalker 3 hemrasyna birikmegi başardylar. Aragatnaşyk seansy 8-nji sentýabrda boldy, alymlar 5G standartyny we adaty Samsung Galaxy S22 smartfonyny ulandylar.

Inženerleriň aýtmagyna görä, bäşinji nesliň aragatnaşyk standartynyň kömegi bilen ses aragatnaşygyny ýola goýmak we sekuntda 14 megabite çenli tizlik bilen maglumatlary geçirmek başartdy. Taslamanyň çäklerinde AST SpaceMobile kompaniýasy Vodafone, AT&T we Nokia kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etdi.

Geljekde kompaniýa kosmosa 168 hemra uçurmagy we Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy bilen bäsleşmegi maksat edinýär.

“Forbes” tarapyndan sorag edilen hünärmenler kompaniýanyň hemralarynyň pes Ýer orbitasynda ýerleşjekdigini, şonuň üçin tutuş dünýäde aragatnaşyk gurşawyny guramagyň ýeterlik derejede kyn boljakdygyny bellediler. Gurşawy ýokarlandyrmak üçin geosinhron hemralary uçurmak gerek.

14
21
dmoo
25 Sentýabr 2023
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.