bayramgeldiyewarslan
20.09.2023 08:04

Tesla amerikan kompaniýasy bäş millionynjy awtomobili öndürendigi barada hasabat berdi. Bu barada kompaniýa X sosial ulgamynda habar berdi diýip, autonews.ru belleýär.


Ýubileý elektrokary Tesla Model 3 sedany boldy. Tesla ilkinji millionynjy awtomobili 2020-nji ýylyň başynda ýygnady. Dört millionynjy elektrokar bolsa 2023-nji ýylyň 1-nji martynda çykaryldy. Şeýlelik bilen, ýene million awtoulagy öndürmek üçin Tesla ýarym ýyldan gowrak wagt gerek boldy.

Diňe 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde kompaniýa 479 700 Tesla awtomobillerini öndürdi. Model Y flagman krossoweriniň we Model S liftbeginiň paýyna 19 489 nusga düşýär. Galan 460 211 birlik arzan Model Y krossoweriniň we Model 3 sedanynyň paýyna düşdi.  

Üç hepde mundan öň Tesla täzelenen Model 3 elektrokaryny hödürledi. Awtomobil daşky keşbi boýunça düýpgöter üýtgedi. Elektrokaryň öň tarapy doly täzeden işlendi. Bu ýerde täze faralar, bamper, kapot we ganatlar oturdyldy. Tesla Model 3-üň yz tarapynda täze çyralar, ýük goýulýan ýer üçin başga gapak, bamper we logotipiň deregine brendiň ady bolan ýazgy peýda boldy. Mundan başga-da, ýörite täze awtoulag üçin 18 ýa-da 19 dýuýmlyk asyl nusgadaky teker diskleri taýýarlandy. Modeliň uzynlygy 4720 mm ýetdi.

16
27
runia
20 Sentýabr 2023
Teslaŋ 2022 Lucid Air Performance d.edition modelyny gaty halaýan). 👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.