bayramgeldiyewarslan
22.09.2023 06:29

Ilon Mask ozal Twitter ady bilen tanalýan X sosial ulgamynyň geljekde doly tölegli boljakdygyny aýtdy.


Milliarder Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen göni ýaýlymda aragatnaşyga çykanda meýilleşdirilen üýtgeşmäni agzady. Maskyň pikiriçe, ähli akkauntlara töleg girizmek, birtopar botlaryň hyzmatyndan dynmagyň ýeke-täk usulydyr, sebäbi şonda olara bähbitsiz bolar.

Telekeçi ulanyjylara “az mukdarda” töleg alynjakdygyny aýtdy. Şeýle abuna ýazylyşygyň näçeräk durjakdygyny ýa-da X-iň ulanyjylarynyň hemmesiniň haçan tölemeli boljakdygyny takyk görkezmedi.

Häzirki wagtda Ilon Maskyň sosial ulgamyndaky esasy hasap mugt, aýda 8 dollara giňelýän X Premium abunalygyny satyn alyp bilersiňiz. TechCrunch tarapyndan getirilen maglumatlara görä, häzirki wagtda munuň üçin bir milliona golaý adam töleg töleýär.

Maskyň şol ýaýlymda aýdyşy ýaly, X-iň aýlyk auditoriýasy 550 million ulanyjy. Ol bu sana botlaryň girizilendigini ýa-da ýokdugyny aýtmady.

10
15
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.