bayramgeldiyewarslan
18.09.2023 10:48

Raýs uniwersitetiniň alymlary wiruslary ýok etmäge ukyply täze mata döretdiler. Onuň daşky tarapy güýçli derejede gyzmaga ukyplydyr, içi bolsa salkynlygyna galýar.


Dokma esasly kompozit material Joul ýyladylyşy esasynda işleýär. Geçirilen synaglar onuň üstündäki koronawiruslary 99,9%-ini bäş sekuntda ýok edýändigini görkezdi.

Matany döredijiler şeýle matanyň ellik ýaly şahsy gorag enjamlaryny öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini bellediler. Bu ýygy-ýygydan çalşylmaly bolan bir gezek ulanylýan önümleriň ornuny tutmaga mümkinçilik berer.

Material elektrik togy arkaly daşky gatlagyny 100 gradusdan ýokary temperaturada gyzdyrýar. Ulanyjynyň derisi bilen galtaşykdaky içki gatlak bolsa iň ýokary 36 gradusa çenli gyzýar, bu bolsa bedeniň tebigy temperaturasyna ýakyndyr. «Akylly» materiallaryň ulanylmagy matany diňe wirusa garşy däl, eýsem, ýeňil we maýyşgak etmäge hem mümkinçilik berdi.


«Enjam wiruslary netijeli ýok etmek üçin ýeterlik derejede gyzmalydyr, ýöne ulanyjynyň ýanmagyna ýa-da özüni oňaýsyz duýmagyna sebäp bolar derejede däl» diýip, alymlar bellediler.


Matany döredijiler onuň kosmos pudagynda-da ulanylyp bilinjekdigini, mysal üçin, ýeňil skafandrlary döretmek üçin ulanyp boljakdygyny bellediler.

12
40
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.