bayramgeldiyewarslan
21.09.2023 08:43

Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasy protezlere gözegçilik etmekde ulanylyp bilinjek, beýnä oturtmak boýunça kliniki synaglar üçin meýletinçileri toplap başlady.


"Adamlarda ilkinji kliniki synagy geçirmek üçin meýletinçileri toplamak işiniň başlanandygyny hoşallyk bilen mälim edýäris!" – diýip, kompaniýa öz sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda yglan etdi.


Kompaniýanyň web sahypasy oňurga ýiliginiň boýun böleginiň şikes almagy netijesinde el-aýagy ysmaz bolan ýa-da amiotrofik gapdal sklerozly adamlaryň bu maksatnama gatnaşyp biljekdigini belleýär.

Neuralink başlangyjy Mask tarapyndan 2016-njy ýylyň iýul aýynda döredilip, geljekde adamyň beýnisine ýerleşdirilip bilinjek çipleri ösdürýär. Telekeçi şeýle nerw interfeýsleriniň adama emeli aňa garşy durmaga ukyply kiborg bolmagyna mümkinçilik döredjekdigine, şeýle hem adamlara pikiriň güýjüni ulanyp kompýuteri dolandyrmagy öwrenmäge kömek etjekdigine ynanýar. 2023-nji ýylyň 25-nji maýynda kompaniýa ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça müdirliginden adamlara kliniki synaglary geçirmek üçin rugsat alandygyny habar beripdi.

14
57
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.