AGŞAMKY SÖÝGI
(DEGIŞME)
Söýgi sözün aýtdym bir gözel gyza
Ilkinji gezekde aldy sözümi
Öýlerne ugratdym ol gözel gyzy
Gyz gitýänçä aýyrmadym gözümi.
Aýly gije aý astynda barýarys
Aý kimin gözleri şuglasyn saçýar
Ikimizem bu söýgini görýäris
Gyz maňa sessizje ýüregin açýar.
Ol gyzyň gözleri düşende göze
Gijeler öwrülýär ýagty gündize
Şol pursat dilim däl meniň gözlerim
Seni söýýän diýýär bakyp ol gyza.
El tutuşyp barýas ýolda bileje
Söýgiden söz açyp ýöräp çalaja
Asmandaky aý hem şaýat bu söýgä
Söýgi çenden aşdy bu aýly gije
El tutuşyp barýas ýoluň ugruna
Ahyry ýetdik biz ýoluň soňuna
Şol gije gowuşdym men ýaryma
Diňe şol ýazlypdyr meň ykbalyma
Ykbalyma ýazlan gyzy bilemsoň
Ondan söýgi sözlerini alamsoň
Lebinden bir posa alasym geldi
Men ol gyzy çyn ýürekden söýemsoň
Men onuň elinden hasam berk tutdum
Gyz birden tisginip seretdi maňa
Inçe bilden dutup özüme çekdim
Şol wagt gyz özün tabşyrdy maňa
Şeýle golaý geldi dodaklar maňa
Ol gyz gorkmaýardy seretsem oňa
Bu meniň bolanym üçin şeýledir
Başga biri bolsa şeýdermi näme
Bal ýaly lebleri has golaý geldi
Menem golaýladym ol gyza garşy
Ol gyzyň lebleri aklymy aldy
Meni däli etdi ol gyzyň bakşy
Dodagym dodagna ahyry ýetdi
Bu goşgyň gyzykly ýerine ýetdi
Leblerinden sordum misli şokolad
Ýöne welin birden jyrlaýdy sagat.
Oýansam şokolad leblere derek
Agzymda ýelekli ýassygyň ujy
sagat gurnap goýmak nämäňe gerek
Ýaňky gören düýşim şeýlebir süýji.
Meň turanym gowy bolaýdy ýogsam
Süýji lebden süýji kesel boljakdy
Eger şu jaňda men turmadyk bolsam
Indiki jaňaçen ýassyk dynjakdy.